Norwegiýaly Ýohannes Klebo 9 altyn medal gazanyp, gyşky Olimpiadanyň rekordyny täzeledi

  • şu gün 08:44
  • 517

Norwegiýaly lyžaçy Ýohannes Klebo gazanan altyn medallaryň sany boýunça gyşky Olimpiýa oýunlarynyň rekordyny goýdy. Ýekşenbe güni ol Norwegiýanyň ýygyndy toparynyň düzüminde estafetada ýeňiji boldy. 29 ýaşyndaky türgen üçin bu Italiýada geçirilýän häzirki Oýunlardaky dördünji altyn medaldyr. Onuň olimpiýa ýeňişleriniň umumy sany bolsa dokuza ýetdi — gyşky Olimpiadalaryň taryhynda görlüp–eşidilmedik dereje.

Bu görkeziji boýunça Klebo öz ildeşlerinden — lyžaçylar Marit Býorgen we Býorn Deli, şeýle hem biatlonçy Ole Eýnar Býorndalen dagydan öňe geçdi. Olaryň her biriniň sekiz sany olimpiýa altyn medaly bar.

Olimpiýa üstünliklerinden başga-da, Klebo 15 gezek dünýä çempiony, bäş gezek Dünýä kubogynyň eýesi we bäş gezek «Tur de Ski» köpgünlük ýaryşynyň ýeňijisidir.

Milan we Kortina d’Ampessoda geçýän Olimpiýa oýunlary 22-nji fewralda tamamlanar.

 

 


düýn 17:16
1.8k+

Braziliýa gyşky Olimpiadada medal gazanan ilkinji Günorta Amerika ýurdy boldy

Braziliýa gyşky Olimpiýa oýunlarynda medal gazanan ilkinji Günorta Amerika ýurdy boldy. Milano we Kortina-d’Ampessoda geçýän ýaryşlarda gigant slalom boýunça altyn medal gazanan braziliýaly dag lyžaçysy Lukas Pinýeýro Broten bu taryhy üstünligiň eýesi boldy...

13.02.2026 11:05
1.1k+

Fon Allmen 58 ýyldan soň bir Olimpiadada 3 altyn medal gazanan ilkinji dag lyžaçysy boldy

Şweýsariýaly dag lyžaçysy Franýo fon Allmen 58 ýyldan bäri dag lyžasy sporty boýunça bir Olimpiada oýunlarynda üç sany altyn medal gazanmagy başaran ilkinji türgen boldy. Italiýada dowam edýän Olimpiýa oýunlarynda ol çaltlandyrylan aşak düşme, toparlaýyn birleşme we supergigant ýaryşlarynda ýeňiji boldy...

10.02.2026 21:40
12k+

ABŞ-ly figuraçy Olimpiada-2026-da 50 ýyllap gadagan bolan saltony ýerine ýetirip, toparyna ýeňiş getirdi

Milandaky 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiada oýunlarynda 21 ýaşly amerikaly figuraçy typyjy Ilýa Malinin ýaryşyň çäklerinde ýarym asyrlap gadagan edilen yza tarap saltony ilkinji gezek kanuny esasda ýerine ýetirip, taryha girdi...

08.02.2026 13:57
9.2k+

Rekord däl, medal döwüldi: Olimpiadada şwesiýaly lyžaçynyň kümüş medaly üçe bölündi

Italiýada geçirilýän 2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynda şwesiýaly lyžaçy Ebba Anderssonyň kümüş medaly skiatlon ýaryşyndan soňky sylaglaýyş dabarasynyň edil yz ýanynda döwüldi. Bu barada SVT teleýaýlymy habar berýär...