Braziliýa gyşky Olimpiadada medal gazanan ilkinji Günorta Amerika ýurdy boldy

  • 15.02.2026 17:16
  • 2.4k+

Braziliýa gyşky Olimpiýa oýunlarynda medal gazanan ilkinji Günorta Amerika ýurdy boldy. Milano we Kortina-d’Ampessoda geçýän ýaryşlarda gigant slalom boýunça altyn medal gazanan braziliýaly dag lyžaçysy Lukas Pinýeýro Broten bu taryhy üstünligiň eýesi boldy.

Iki synanyşygyň netijesinde Broten 2 minut 25 sekuntlyk umumy wagty görkezdi. Ikinji we üçünji orunlary Şweýsariýanyň wekilleri Marko Odermatt we Loik Meýar eýelediler.
25 ýaşly Broten aslynda Norwegiýada doguldy we 2023-nji ýyla çenli şol ýurduň adyndan çykyş edýärdi. Şol döwürde türgen Dünýä kubogynyň ýaryşlarynda bäş gezek ýeňiş gazandy we slalom boýunça umumy hasapda ýeňiji boldy. Soňra türgenleriň marketing hukuklary babatdaky berk düzgünler sebäpli, onuň bilen Norwegiýanyň federasiýasynyň arasynda düşünişmezlik ýüze çykdy.
Ondan soň Broten sport ýoluny tamamlaýandygyny yglan etdi, emma 2024-nji ýylda ýene-de uly sporta gaýdyp gelip, Braziliýanyň ýygyndysynda çykyş edip başlady. 2025-nji ýylyň noýabr aýynda ol ýurt üçin taryhda ilkinji gezek Dünýä kubogynyň altyn medalyny gazandy.


18.06.2026 14:40
4.3k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

13.06.2026 17:07
12k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

15.05.2026 17:43
3.8k+

Ançelotti Braziliýanyň milli futbol ýygyndysy bilen şertnamany 2030-njy ýyla çenli uzaltdy

Italiýaly tälimçi Karlo Ançelotti Braziliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy bilen şertnamasyny 2030-njy ýyla çenli uzaltdy. Bu barada Braziliýanyň Futbol konfederasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär....

06.05.2026 23:46
1.9k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....