Spotify: "Öňdebaryjy inženerlerimiz dekabrdan bäri elde kod ýazmagyny bes etdiler"

  • 15.02.2026 21:55
  • 1.7k+

Spotify akym (streaming) hyzmaty kompaniýanyň öňdebaryjy inženerleriniň dekabr aýyndan bäri "bir setir hem kod ýazmandygyny" mälim etdi. TechCrunch neşiriniň habar bermegine görä, bu täze iş usuly arkaly 2025-nji ýylyň dowamynda platforma 50-den gowrak täze funksiýa we üýtgeşme girizildi.

Inženerler iş prosesini çaltlandyrmak üçin Honk atly içerki ulgamy ulanýarlar. Bu platforma generatiw emeli aňy, hususan-da, Claude Code modelini ulanyp, hakyky wagtda aralykdan kod taýýarlamaga we ony ulanmaga mümkinçilik berýär.
Spotify inženeri heniz ofise barman, ýoldaka mobil telefonyndaky Slack arkaly emeli aňa bir ýalňyşlygy düzetmegi ýa-da täze funksiýa goşmagy tabşyryp bilýär. Emeli aň işi tamamlaýar we inženeriň telefonyna programmanyň täze wersiýasyny iberýär. Inžener ofise barýança täze kod eýýäm taýýar bolýar we ony işçi wersiýa birleşdirip bilýär.
Spotify diňe bir taýýar modelleri ulanman, eýsem başga hiç bir platformada bolmadyk özboluşly maglumatlar toplumyny döredýändigini belledi.

"Bu maglumatlar toplumy beýleki täjirçilik hyzmatlary üçin elýeterli däl. Biz modellerimizi her gezek täzeden okadanymyzda, ulgamyň has-da kämilleşýändigini görýäris. Bu derejedäki maglumatlar binýady heniz dünýäde ýok" diýip, Spotify-da belleýärler.

Kompaniýa eýýäm EA esasly ulanyjynyň islegine görä awtomatiki döredilýän aýdym toplumlary, akylly gözleg we maslahat ulgamy, diňlenilýän kompozisiýa barada giňişleýin maglumat berýän bölüm ýaly hyzmatlary durmuşa geçirdi.


düýn 11:11
1k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
5.7k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......