Unitree-niň robotlary indi öz-özlerini ýasap başladylar

  • 16.02.2026 13:58
  • 2.5k+

Unitree Robotics kompaniýasy Hançžou şäherindäki önümçilik toplumyndan düşürilen wideony paýlaşdy. Onda UnifoLM-X1-0 emeli aň modeliniň dolandyrmagyndaky adamsypat robotlar özlerine meňzeş beýleki robotlary ýygnamak işini ýerine ýetirýär. Olar detallar bilen işleýär, komponentleri gurnaýar we birikmeleri barlaýar. 
Bu wideoýazgy gumanoidleriň senagat gurşawynda öz nusgalaryny ýygnamak tapgyrlaryny üstüne alýandyklarynyň köpçülige ilkinji gezek görkezilmesidir.
Dogrusy, robotlar häzirlikçe enjamy doly ýygnamaýar. Bu işi häzirem adaty senagat manipulýatorlary ýerine ýetirýär. Emma gumanoidler giňişlikde takyk ugur almagy talap edýän –  stansiýalaryň arasyna detallary geçirmek, elýeterden kyn ýerlere düwünleri gurnamak we birikmelere gözegçilik etmek ýaly wezipeleri üstünlikli berjaý edýär. UnifoLM-X1-0 emeli aňy şol bir wagtyň özünde robotlara öwredýär hem olaryň hereketlerini güýçlendirýär. Bu bolsa önümçiligi bir robotyň ugry üýtgetmezden wezipeleri çalyşýan «çeýe fabrikler» konsepsiýasyna ýakynlaşdyrýar.
Unitree zawodynda gumanoidleri we dört aýakly robotlary işläp düzýän barlaghanalar hem bar. Geçen ýyl kompaniýa amerikan bäsdeşleriniň umumy görkezijilerinden ýokary bolan 5500-den gowrak gumanoid enjamyny çykardy. Zawod logistikada we ýeňil önümçilikde köpçülikleýin ulanmak üçin G1 robotynyň bahasyny arzanlatmagy meýilleşdirýär. Robotlar häzirlikçe aýry-aýry amallary ýerine ýetirseler-de, olaryň ýygnamak işine gatnaşmagy awtonom önümçilige we takyk amallarda adamyň ornuny azaltmaklyga tarap ätiýaçly hem oýlanyşykly ädimdir.


düýn 08:18
1.2k+

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......

15.06.2026 15:53
1.1k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......

15.06.2026 12:29
1.2k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

12.06.2026 23:56
2.5k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......