Entertainment Film Distributors kompaniýasynyň YouTube kanalynda iňlis ýazyjysy Enid Blaýtonyň klassyky eseri esasynda surata düşürilen "The Magic Faraway Tree" («Вверх по волшебному дереву») filminiň resmi treýleri köpçülige hödürlendi.
Filmde baş keşpleri halkara derejesinde tanalýan meşhur aktýorlar janlandyrýar: Kler Foý ("The Crown" seriýasyndaky şa zenany Ýelizawetanyň keşbi bilen tanalýar); Endrýu Garfild ("Täze Möý-adam" filmi bilen meşhurlyk gazanan).
Taslamanyň režissýorlygyny Ben Gregor öz üstüne aldy, ssenarisini bolsa "Paddington 2" filmi bilen tanalýan Saýmon Farnabi ýazdy.
Film şäherden oba göçüp gelen we özara gatnaşyklaryny täzeden gurmaga synanyşýan bir maşgala barada gürrüň berýär.
Gahrymanlar täze öýleriniň golaýynda syrly we adaty bolmadyk bir agajy tapýarlar.
Agaç dürli jadyly dünýälere açylýan gapy bolup çykýar. Maşgala agajyň iň ýokarsyna çykyp, her gezek täze we geň dünýälere aralaşýar.
Filmiň esasy bolup hyzmat edýän Enid Blaýtonyň "Jadyly agajyň taryhy" atly ilkinji kitaby 1939-njy ýylda çap edildi. Ýazyjy bu dünýäniň şonça ýyldan soň hem meşhurlygyny ýitirmän gelýändigini subut edip, dowam hökmünde ýene üç sany kitabyny ýazypdy.
Filmiň beýleki keşplerinde Nikola Koklan, Nonso Anozi we Rebekka Fergýuson ýaly tanalýan şahsyýetler çykyş edýär.