Warner Bros. kompaniýasy Netflix bilen arany üzse, ýitgini Paramount öz üstüne alar

  • 12.02.2026 14:20
  • 2.1k+

Paramount kompaniýasy Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça täze şertleri hödürledi. Teklibe görä, Paramount kompaniýasy Warner Bros.-yň 82,7 milliard dollarlyk şertnamany bozan ýagdaýynda Netflix-e tölemeli boljak öwez tölegini öz üstüne almaga taýýar. Bu barada Reuters we The Wall Street Journal habar berýär.
Paýnamalaryň bahasy öňküligine — her biri üçin 30 dollar ýa-da jemi 108,4 milliard dollar möçberinde galsa-da, Paramount kompaniýasy Warner Bros. Discovery-nyň paýdarlary üçin «garaşma tölegini» goşdy. Eger geleşik 2027-nji ýylyň ýanwaryna çenli tamamlanmasa, şol seneden başlap paýdarlara her çärýekde paýnama başyna 25 sent tölener. WSJ-niň bellemegine görä, bu mukdar ýylda, takmynan, 650 million dollar nagt pul möçberine ýetip biler.
Şeýle-de, Paramount Skydance kompaniýasy ylalaşygyň bozulmagy netijesinde Warner Bros. Discovery-niň Netflix-e tölemeli boljak 2,8 milliard dollar möçberindäki tölegini doly maliýeleşdirmäge razy boldy. Paramount-yň baş direktory Dewid Ellison bu çäreleri şertnamanyň gymmatyna bolan ynamy we kadalaşdyryjy amallaryň aýdyňlygyny üpjün edýän «möhüm gowulandyrmalar» diýip atlandyrdy.
Bu şertnama dünýäniň iň gymmatly media aktiwlerini, şol sanda meşhur studiýalary, kontent ýygyndylaryny we «Tagtlaryň oýny», «Garri Potter» hem-de DC Comics älemi ýaly uly franşizalary satyn almak bilen baglanyşyklydyr.


şu gün 14:13
353

Garşydaşlar dil tapyşýar: Apple TV+ we Netflix seýrek ylalaşyga gol çekdiler

Apple TV+ hem Netflix kompaniýalary 6–8-nji martda Awstraliýada başlanjak Formula-1 dünýä çempionatynyň täze möwsüminiň öňüsyrasynda özara hyzmatdaşlygy yglan etdiler we awtoýaryşyň tomaşaçylarynyň hatyrasyna ilkinji gezek güýçlerini birleşdirdiler...

28.02.2026 19:26
4.6k+

$110 mlrd meseläni çözdi: Warner Bros. kompaniýasy bilen Paramount ahyr elleşdi

Warner Bros. Discovery kompaniýasy Paramount Skydance bilen bahasy 110 milliard dollara deň bolan birleşmek baradaky şertnamany baglaşdy. Bu barada Paramount kompaniýasynyň resmi saýtynda habar berilýär. Indi bu şertnama Ýewropa komissiýasynyň tassyklamagyna garaşýar...

27.02.2026 18:51
1.8k+

Netflix baha teklibini galdyryp oturman, Warner Bros. Discovery boýunça gepleşiklerden çekildi

Netflix kompaniýasy Warner Bros. Discovery ugrundaky göreşde öz teklibini ýokarlandyrmakdan ýüz öwürdi we iş ýüzünde bäsdeşlikden çykdy diýen ýaly. Bu barada Reuters agentligi habar berýär. Warner Bros. Discovery-niň direktorlar geňeşi Paramount Skydance-iň iň soňky teklibiniň has amatly diýlip ykrar edilendigini habar berdi...

25.02.2026 18:36
2k+

Paramount kompaniýasy Warner Bros.-y almak üçin Netflix bilen göreşde teklibini ýokarlandyrdy

Paramount Skydance kompaniýasy Warner Bros. Discovery-ny satyn almak baradaky teklibini resmi taýdan her paýnama üçin 31 dollara çenli ýokarlandyrdy diýip, CNN neşiri Warner Bros. Discovery-nyň beýanatyna salgylanyp habar berýär...