ABŞ-da ýangyn söndüriji doňup galan kölüň üstündäki suguny bagryna basyp halas etdi

  • 11.02.2026 16:16
  • 12k+

ABŞ-nyň Waşington ştatyndaky doňan kölleriň birinde edil kinodaky dartgynly pursatlary ýatladýan waka bolup geçdi.
Stiwens okrugynyň Lun-Leýk kölüniň ýuka buzunyň üstüne münen sugunyň aýaklary taýgançak ýere ýelmeşip galýar. Her hereketden soň beter dowla düşýäm jandaryň soňa-baka kenara çykmaga asla ýagdaýy galmaýar.
Ysgynsyz we gorkuly haldaky suguny gören ýerli ýaşaýjy Daniel Poleşuk haýal etmän ýangyn söndüriji gulluga habar berýär.
Wakanyň bolan ýerine 1-nji belgili ýangyn söndüriji okrugynyň halas edijileri gelýärler. Olar haýwany gorkuzmazlyk üçin iň seresaply usuly saýlap alýarlar.
Halas edijileriň biri Gewin Gallahert götergiç hem tanap alyp, emaý bilen buzuň üstüne çykýar. Emma adamyň golaýlaşmagy suguny has-da beter howsala salýar. Edil şol pursatda hem garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykýar. Ýangyn söndüriji haýwanyň göwresine tanap taşlap, götergiji bir gyra goýýar-da, buzuň üstüne geçip, sugun bilen bilelikde ýatyberýär. Şeýdip, Gallahert suguny berk gujaklap, kärdeşlerine özlerini kenara çekmäge mümkinçilik döredýär. Kenardaky ýangyn söndürijiler bolsa buz döwülmez ýaly, tanapy ýuwaşlyk bilen özlerine çekýärler.
Bolup geçen wakany  wideoýazga düşüren şaýatlaryň aýtmagyna görä, sugun ilki howsalaly sesler çykaryp, urunsa-da, birnäçe sekuntdan soň rahatlanypdyr. Haýwan kenara çykarylandan soň, tiz wagtdan aýaga galýar-da, tokaýa tarap ylgap gidýär.
Sugunyň halas edilişi hakyndaky gürrüňler sosial torlarda uly gyzyklanma döretdi. Bu waka ýangyn söndürijileriň diňe bir adamlary däl, eýsem janly-jandarlary halas etmekde hem hünär ussatlygynyň we rehimdarlygyň ýokary nusgasyny görkezýändiginiň subutnamasy boldy.


07.03.2026 20:33
6.8k+

Antalýanyň kenarlarynda agramy 10 kg ýetýän howply meduzalar peýda boldy

Türkiýäniň Antalýa şäheriniň kenarýakalarynda ynsan saglygy üçin howply bolan Rhopilema nomadica görnüşli meduzalar peýda boldy. Bu barada Akdeňiz uniwersitetiniň ylmy işgäri Mehmet Gökoglu habar berdi. Ol bu meduzalaryň käbiriniň agramynyň 10 kilograma çenli ýetip bilýändigini belleýär...

07.03.2026 16:39
23k+

Şotlandiýada 55 sany läheň özüni kenara taşlady: munuň sebäbi näme?

Şotlandiýada 55 sany läheň (kit) özüni kenara urdy. Independent neşiriniň habar bermegine görä, 6-njy mart güni irden bir kişi Treýg-Mor kenaryndaky äpet jandarlary görüp, bu barada polisiýa habar ýetiripdir. Wakanyň bolan ýerine Britaniýanyň deňiz haýwanlaryny halas ediş gullugynyň hünärmenleri geldiler...

24.02.2026 10:49
13k+

Futbolçy meýdançada top degen çarlagyň ýüregini owkalap, onuň janyny halas etdi

Geçen ýekşenbe güni Stambulyň stadionynda çempionlyk titulyndan hem ähmiýetli bir waka ýüze çykdy. Birinji höwesjeňler ligasynyň finalynda «Istanbul Ýurdum Spor» we «Mewlanakapy Güzelhisar» futbol toparlarynyň arasyndaky duşuşykda uçup barýarka top degen çarlak halas edildi...

19.02.2026 21:38
7.9k+

Antarktidanyň kenarýakalarynda ilkinji gezek akula göründi

Awstraliýaly alymlar topary Antarktikanyň suwlarynda, Günorta Şetland adalarynyň golaýynda ilkinji gezek akulanyň bardygyny hasaba aldy. Bu barada Associated Press habarlar agentligi habar berýär. Günbatar Awstraliýa uniwersitetiniň professory Alan Jeýmison: «Biz ol ýerde akula göreris diýip garaşmandyk, sebäbi Antarktikada akulalar ýok diýen umumy kabul edilen ylmy garaýyş bardy» diýip belledi...