Aşgabatda «Arkadag» — «Al-Nasr» duşuşygynda VAR ulgamy ulanylar

  • 09.02.2026 15:28
  • 8.1k+

AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynyň çäginde Türkmenistanyň «Arkadag» we Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparlarynyň arasynda geçiriljek oýunda Eminiň wideo kömekçisi (VAR) ulgamy peýdalanylar.
Bu tehnologiýanyň Aşgabatda ulanylmagy, kabul ediji tarapyň duşuşygy halkara talaplaryna laýyklykda ýokary derejede geçirmäge doly taýýardygyny tassyklaýar. Ulgam eminlik etmegiň adalatlylygyny üpjün etmäge gönükdirilip, iň çylşyrymly we jedelli pursatlarda eminlere ýalňyşsyz çözgüt kabul etmäge kömek eder.
VAR standartlarynyň ornaşdyrylmagy duşuşygyň ýokary derejesini görkezmek bilen, dünýä futbolynyň sanly gazananlarynyň Türkmenistanyň sport infrastrukturasyna ornaşdyrylýandygynyň subutnamasydyr.
Ýatladyp geçsek, «Arkadag» bilen «Al-Nasryň» arasyndaky birinji oýun 11-nji fewralda Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda geçiriler. Oýun ýerli wagt bilen sagat 18:45-de başlanar. Toparlaryň arasyndaky jogap duşuşygy bolsa 18-nji fewralda Er-Riýadda bolar.


22.06.2026 17:52
5k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....