Spotify audio-kitaplar bilen adaty kitaplary utgaşdyrmaga mümkinçilik berer

  • 07.02.2026 21:22
  • 1.2k+

Spotify öz hyzmatyna adaty – çap edilen görnüşdäki kitaplar bilen işlemegiň täze usulyny goşýar diýip, The Hollywood Reporter habar berýär.

Platformanyň «Page Match» atly täze guraly ulanyja kitaby okan ýerinden başlap diňlemäge ýa-da diňlän ýerinden başlap okamaga mümkinçilik berýär. Munuň üçin el telefonyň kömegi bilen çap edilen kitabyň ýa-da elektron görnüşiniň sahypasyny skanerlemek ýeterlikdir. Bu funksiýa tersine hem işleýär. Meselem,  audio-kitabyň belli bir bölegini diňläniňden soň, programmanyň kömegi bilen onuň kitapdaky tekst görnüşini-de görmek bolýar.  
Şeýle-de Spotify garaşsyz kitap dükanlary bilen hyzmatdaşlyk edýän Bookshop.org platformasy bilen hem ylalaşyk baglaşdy. Bu bolsa çap edilen kitaplary göni programmanyň içinden satyn almaga mümkinçilik berer. Kompaniýa şeýle çemeleşmäniň kitap okamak endigini ösdürmäge we diňleýjiler köpçüligini giňeltmäge ýardam etjekdigine ynanýar.
Mundan ozal Spotify edil şuňa meňzeş strategiýany ulanyp, öz podkastlaryny Netflix platformasynda-da ýerleşdiripdi.
«Page Match» guraly şu aýdan girizilip başlanar. Fewral aýynyň ahyryna çenli bu gural iňlis dilindäki kitaplaryň köpüsi üçin elýeterli bolar. Yz ýany, ýagny ýazyň dowamynda bolsa ABŞ we Beýik Britaniýada ýaşaýan ulanyjylar üçin Bookshop.org arkaly kitap satyn almak mümkinçiligi hem dörär.
Häzirki wagtda Spotify-nyň audio-kitaplar katalogynda 500 müňe golaý eser bar. «Page Match» guraly esasan iňlis dilindäki kitaplar bilen işlär.


21.06.2026 16:10
3.4k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.2k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....