Ispaniýanyň Kubogynyň ýarym finalynda «Barselona» bilen «Atletiko», «Atletik» bilen «Real Sosýedad» duşuşar

  • 07.02.2026 13:10
  • 7.3k+

Ispaniýada Patyşanyň Kubogynyň ýarym final duşuşyklarynyň bije çekilişik dabarasy geçirildi. Ýaryşyň bu tapgyrynda toparlar biri-birleri bilen iki oýun oýnar.
Ýarym finalda «Barselona» Madridiň «Atletiko» topary bilen duşuşar. Ikinji garşydaş jübütde final üçin ýollama ugrunda Bilbaonyň «Atletigi» bilen «Real Sosýedad» bäsleşer.

1/2 finalyň ilkinji duşuşyklary 10–11-nji fewrala, jogap oýunlary bolsa 4–5-nji marta meýilleşdirildi.
«Barselona» häzirki Kubok ýaryşynda entek elita diwizionynyň toparlary bilen oýnamandy. Katalonlar «Gwadalaharany» (2:0), «Rasingi» (2:0) we mundan ozal Madridiň «Realyny» ýaryşdan gaýtdyran «Albasete» toparyny (2:1) utmagy başardy.
«Atletiko» ýaryşa «Atletiko Baleares» toparyny utmak (3:2) bilen başlady, soňra «Deportiwodan» üstün çykdy, çärýek finalda bolsa «Betisi» uly hasap bilen (5:0) utdy. Bu oýunda toparyň täze oýunçysy Ademola Lukman tapawutlandy — ol gol geçirdi, assist etdi we ýene bir netijeli hüjüme gatnaşdy.
«Atletik» ýarym finala çenli «Orense» (1:0), «Kultural» (4:3) we «Walensiýa» (2:1) toparlaryny utdy. «Real Sosýedad» bolsa iň köp oýun geçiren topar boldy: ol «Negreýrany» (3:0), «Reusy» (2:0), «Eldenseni» (2:1), «Osasunany» penaltide we «Alawesi» (3:2) utdy.


düýn 19:10
3.5k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.5k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....