-10%-den +6%-e çenli: kümüşiň bazar bahasy 1980-nji ýyldan bäri beýle hiňňildik uçmandy

  • 07.02.2026 09:32
  • 5.3k+

Gymmatbaha metallaryň bazarynda durnuksyzlyk dowam edýär. Anna güni kümşüň bahasy ilki bilen 10% düşüp, bir unsiýa üçin 64 dollardan satyldy, soňra bolsa Aziýa söwda sessiýasynyň dowamynda büs-bütin ugruny üýtgedip, 6,2% galdy. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär.
Kümşüň bahasy 1980-nji ýyldan bäri beýle hallan atmandy. Geçen sessiýalaryň birinde kümüş öz bahasynyň 20%-e golaýyny ýitirip, ýanwar aýyndaky ähli gazanlaryna nola düşürdi. 29-njy ýanwarda gazanylan taryhy iň ýokary derejesinden bäri bu metal bahasynyň üçden bir bölegini gidirdi.
Bolup geçýän ýagdaýlaryň esasy sebäbi — likwidliligiň (nagt pul dolanyşygynyň) ýiti ýetmezçiligidir. Marketmeýkerler spredleri (satyş we satyn alyş nyrhlarynyň arasyndaky tapawudy) giňeldýärler, bu bolsa dowula düşüp edilýän satuwlaryň fonunda bahalary has-da beter bökdürýär.
Goşmaça faktor hökmünde Hytaý tarapyndan islegiň gowşamagy boldy. Hytaý Halk Respublikasynyň içki bazarynda kümşüň bahasy dünýä nyrhlaryndan aşak düşdi, treýderler bolsa 16-njy fewralda başlanjak Aý senenamasy boýunça bellenýän täze ýylyň öňüsyrasynda öz pozisiýalaryny gysgaltmaga we peýdalaryny berkitmäge çalyşýarlar.
Likwidliligi has ýokary bolan altyn özüni has durnukly duýýar: onuň bahasy 1,7% ýokarlanyp, bir unsiýasy 4 860 dollara ýetdi. Emma JPMorgan Chase-iň strategleri uzak möhletleýin geljekde bitkoiniň altyna garanyňda has özüne çekiji aktiw bolup görünýändigini aýtdylar. Esasy kriptowalýuta häzirki wagtda Binance biržasynda 71,5 müň dollar derejesinde söwdalaşylýar.


düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:30
3k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

18.06.2026 22:09
1.5k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
811

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......