Saud Arabystanynda düýelere pasport berlip başlandy

  • 06.02.2026 17:57
  • 8.3k+

Saud Arabystanynyň hökümeti düýeler üçin pasport ulgamyny işe girizdi. Täze resminamanyň girizilendigi barada Patyşalygyň Daşky gurşaw, suw serişdeleri we oba hojalyk ministrligi sosial ulgamlarda habar berdi.
«Onuň Alyjenaby ministriň orunbasary “Düýe pasportyny”
tanyşdyrdy. Onuň maksady maldarçylyk pudagynyň netijeliligini ýokarlandyrmakdan we düýeler barada ygtybarly maglumat binýadyny döretmekden ybarat» – diýlip, edaranyň habarynda bellenilýär.
Pasport resmi taýdan akkreditirlenen resminama bolar. Onda haýwan baradaky esasy maglumatlar, onuň tohumy we eýesi görkeziler. Resminamanyň esasy bölekleriniň biri sanjym kartasy bolar. Bu her bir düýäniň takyk saglyk taryhyny ýöretmäge we haýwanlaryň arasynda ýokanç kesellere gözegçiligi ýönekeýleşdirmäge mümkinçilik berer diýlip garaşylýar.
Şeýle-de, täze ulgam düýelere eýeçilik hukugyny tassyklamagy ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir. Mundan başga-da, häkimiýetler pasportlaryň seleksiýa işiniň netijeliligini ýokarlandyrjakdygyna we maldarçylara düýeleriň ýagdaýyna has gowy gözegçilik etmäge kömek etjekdigine ynanýar.


29.05.2026 15:22
8.8k+

Sankt-Peterburgda meýletinçiler 27 müňden gowrak gurlawugy we gurbagany ýoldan geçirdiler

Sankt-Peterburgda "Amfibiýalara ýol beriň!" kampaniýasy geçirildi, onuň dowamynda meýletinçiler möwsümleýin göçýän döwürlerinde 27 289 gurlawuga we gurbaga gatnawly awtoulag ýolundan geçmäge kömek etdiler. Bu......

28.05.2026 17:17
4.9k+

Ýaltajygyň ýoly we haýran galýan geçigaplaň: National Geographic-den ýabany tebigatyň täze suratlary

National Geographic haýwanlaryň durmuşyna we ekoulgamlary gorap saklamak meselelerine bagyşlanan ýabany tebigatyň täze fotosuratlaryny hödürledi....

19.05.2026 12:01
14k+

Gimalaýda täze howply ýyrtyjy — möjek bilen itiň gibridi peýda boldy

Alymlar Gimalaýda täze bir ýyrtyjynyň — Gimalaý möjegi bilen sergezdan itiň gibridiniň (gatyşygynyň) peýda bolandygyny habar berdi....

18.05.2026 14:53
12k+

Baltika deňzinde halas edilen läheň Timmi Daniýanyň kenarlarynda öli tapyldy

Belli örküçli läheň Timminiň (Houp hem diýilýär) läşi Daniýanyň Anholt adasynyň kenarynda tapyldy diýip, «Der Spiegel» neşiri Daniýanyň Daşky gurşawy goramak agentligine salgylanyp habar berýär....