Dünýäniň iň uly foto bäsleşiginde ýabany tebigatyň iň gowy pursatyny tomaşaçylar saýlar

  • 06.02.2026 09:25
  • 7.1k+

«Wildlife Photographer of the Year 2025» (Ýylyň ýabany tebigat suratçysy) bäsleşiginiň finalçylarynyň sanawy belli boldy. Indi «Tomaşaçylaryň halany» (People's Choice Award) baýragynyň eýesini köpçülikleýin ses berişlik arkaly tomaşaçylar kesgitlär.

Bäsleşik şu ýyl 61-nji gezek geçirilýär. Ýaryşa 113 ýurtdan jemi 60 636 surat hödürlenip, rekord mukdarda iş kabul edildi.
Esasy kategoriýalaryň ýeňijileri geçen güýzde yglan edilipdi, emma tomaşaçylaryň ses berişligi täze tapgyr hökmünde aýratyn başlandy.
Bäsleşik we onuň netijesinde dörän sergi Londondaky Tebigatyň taryhy muzeýi (Natural History Museum) tarapyndan gurnalýar. Bu ýylky tomaşaçy baýragy «Nuveen» kompaniýasynyň hemaýatkärliginde gowşurylar.
Bu diňe bir bäsleşik bolman, eýsem global derejeli sergi bolup, ol dünýäniň dürli künjeklerinde Ýewropada (Beýik Britaniýa, Daniýa, Germaniýa, Italiýa, Niderlandlar, Şweýsariýa) we beýleki sebitlerde (Awstraliýa, Kanada we Birleşen Arap Emirlikleri) görkeziler.











28.05.2026 17:17
5.2k+

Ýaltajygyň ýoly we haýran galýan geçigaplaň: National Geographic-den ýabany tebigatyň täze suratlary

National Geographic haýwanlaryň durmuşyna we ekoulgamlary gorap saklamak meselelerine bagyşlanan ýabany tebigatyň täze fotosuratlaryny hödürledi....

20.05.2026 21:41
3.9k+

Niagaranyň buzdan bina bolan gudraty: Niagara Frozen Falls 2026 surat bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi

2026-njy ýylda Niagara seýilgähleri ​​dünýäniň iň meşhur şaglawuklarynyň biriniň gyşky gözelliginden pursatlary suratlarda beýan etmegi maksat edinýän giň möçberli surat bäsleşigi bolan Niagara Frozen Falls......

07.05.2026 22:55
3.6k+

"Akmaýanyň Ýolunyň suratçysy - 2026" astronomiýa suratçylygy bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Capture the Atlas syýahatçylyk blogy gijeki asmanyň suratlaryny öz içine alýan, ýylda geçirilýän "Akmaýanyň Ýolunyň suratçysy - 2026" (Milky Way Photographer of the Year 2026) bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan......

04.05.2026 23:52
2.5k+

«GDT 2026-njy ýylyň tebigat fotografy» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

«GDT 2026-njy ýylyň tebigat fotografy» bäsleşiginiň eminleri ýeňijileri kesgitlediler. Bu bäsleşige 15 ýurtdan gelen suratçylaryň 9 müňe golaý işi gatnaşdy....