Günorta Koreýada miras salgydy baýlary ýurtdan gitmäge mejbur edýär

  • 05.02.2026 15:25
  • 6.4k+

Günorta Koreýa dünýä boýunça baý adamlaryň iň köp gidýän ýurtlarynyň hataryna girdi. Munuň beýle bolmagy ýurtda bölekleýin hereket edýän miras salgydy ulgamy bilen baglanyşdyrylýar.
Britaniýanyň Henley & Partners konsalting kompaniýasynyň seljermesine görä, geçen ýyl koreýaly millionerleriň ýurtdan gidenleriniň sany takmynan 2400 adam boldy. Bu görkeziji 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende iki esse köpdür.  South China Morning Post neşirinde munuň dünýäde Beýik Britaniýadan, Hytaýdan we Hindistandan soň dördünji uly görkezijidigini bellenilýär.
«Maýa akymynyň çaltlanmagy Koreýada 60%-e golaýlap barýan miras salgydynyň möçberiniň ýokarylygy sebäplidir» diýip, Koreýanyň Söwda-senagat palatasynyň (KCCI) wekili hem nygtaýar.
Milli parlament tarapyndan bu salgydyň möçberini azaltmak baradaky kanun taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy togtadylandan soň, KCCI 2072-nji ýyla çenli miras salgydyndan gelýän girdejileriň 2024-nji ýyldaky 9,6 trillion won (takm. 6,5 milliard dollar) bilen deňeşdirilende 35,8 trillion wona (25 milliard dollar) çenli ýokarlanjakdygyny çaklaýar. Bu ösüş salgyt töleýjileriň sanynyň artmagyna, kanunçylykdaky üýtgetmeleriň gijikdirilmegine we ömür dowamlylygynyň uzamagyna esaslanýar.  
Şoňa görä parlament, iň bolmanda, iri kompaniýalaryň mirasçylarynyň salgydy 20 ýyla çenli möhlet bilen bölekleýin tölemeklerine rugsat berilmegini sorady. Häzirki wagtda beýle mümkinçilik diňe kiçi we orta kärhanalaryň mirasçylary üçin göz öňünde tutulan. Uly kompaniýa eýeleri bolsa salgydy 10 ýylyň dowamynda doly tölemäge borçly.


düýn 10:04
4.7k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 13:44
3.2k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

10.06.2026 17:29
11k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.3k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......