«Mançester Siti» we «Arsenal» Angliýanyň ligasynyň kubogynyň finalynda duşuşarlar

  • 05.02.2026 10:56
  • 5.5k+

Angliýanyň ligasynyň kubogynyň (Carabao Cup) finalynda «Mançester Siti» we «Arsenal» toparlary güýç synaşarlar. Kubok ugrundaky aýgytly duşuşyk 22-nji martda Londonyň meşhur «Uembli» stadionynda geçiriler.

Hosep Guardiolanyň şägirtleri ýarym finalyň jogap duşuşygynda «Nýukasly» 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler. Ilkinji duşuşykda hem «Siti» myhmançylykda 2:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

«Arsenal» beýleki ýarym final duşuşygynda «Çelsiden» üstün çykdy. Jogap duşuşygynda 1:0 hasabynda ýeňiş gazanan Mikel Artetanyň topary birinji oýunda hem 3:2 hasabynda ýeňipdi.
Angliýanyň ligasynyň kubogy 1960-njy ýyldan bäri geçirilip gelýär. Ýaryşyň häzirki çempiony «Nýukasl». Ol geçen möwsümde öz taryhynda ilkinji gezek bu baýragy gazandy. Bu görkeziji babatda rekord eýesi «Liwerpul» — 10 gezek çempion boldy.
«Mançester Sitiniň» hasabynda 8 titul bar, «Arsenal» bolsa bu ýaryşda 2 gezek ýeňiş gazandy.


düýn 16:49
6.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6.8k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
8.1k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
5k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....