«Kamp Nou» 2029-njy ýylyň Çempionlar ligasynyň finalyny geçirmäge dalaş edýär

  • 05.02.2026 01:50
  • 2.5k+

«Barselona» futbol klubunyň öý stadiony bolan «Kamp Nou» 2028/29-njy ýyllar möwsüminiň Çempionlar ligasynyň final oýnuny geçirmek üçin resmi taýdan dalaşgär hökmünde hödürlendi. Bu barada sports.ru neşiri habar berýär.

Bu başlangyç «Barselona» kluby, şäher häkimligi we Kataloniýa hökümeti tarapyndan, Ispaniýanyň Patyşalyk Futbol Federasiýasynyň (RFEF) goldamagynda öňe sürüldi.
Häzirki wagtda taraplar munuň üçin zerur bolan ilkinji resminamalar toplumyny taýýarlap, UEFA-ga tabşyrdylar. Bu maglumatlar UEFA tarapyndan arzanyň deslapky seljermesini geçirmek we stadionyň guramanyň resmi talaplaryna hem-de howpsuzlyk protokollaryna laýyk gelýändigini barlamak üçin ulanylar.
Resmi we gutarnykly arza iýun aýynyň başynda tabşyrylar.
UEFA 2029-njy ýyldaky final üçin diňe bir stadionyň däl, eýsem Barselona şäheriniň infrastruktura, ulag we myhmanhana mümkinçiliklerini hem doly bahalandyrar.


düýn 19:10
3.3k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.5k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....