Pişikler Tailand ykdysadyýetiniň möhüm bölegi hökmünde ykrar edildi

  • 04.02.2026 20:46
  • 3.2k+

Tailandyň hökümeti pişikleri ýurduň ykdysadyýetiniň möhüm bölegi diýip ykrar etdi. Bu barada Nikkei Asia neşiri N.C.C. Management & Development kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.
Neşiriň maglumatyna görä, pişikler üçin harytlar we hyzmatlar bazary 367,8 milliard bata (11,8 milliard dollar) ýetdi. Deňeşdirmek üçin aýtsak, itler üçin niýetlenen bazar 226,8 milliard bata (7,3 milliard dollara) barabar.
Bir pişik üçin ortaça harajatlar aýda 3,5 müňden 6,8 müň bat (112–218 dollar) aralygyndaky möçbere deň bolup, bu itler üçin ortaça görkezijiden (3,5–5,5 müň bat ýa-da 112–177 dollar) ýokarydyr. Bilermenler 2025-nji ýylda pişikler üçin harytlar we hyzmatlar bazary taryhda ilkinji gezek itler üçin degişli bazardan ýokary geçer diýip çaklaýarlar.
Nikkei Asia neşiri pişikleri saklamaga ýaşaýyş meýdany çäkli bolan şäherlerde uly islegiň bardygyny we olaryň has oňaýly öý haýwanlary hasaplanýandygyny belleýär.
Noýabr aýynda ýerli pişikleriň bäş görnüşi — siam, suphalak, korat, konja we khao-mani — ýurtda milli nyşanlar diýlip yglan edildi. Häkimiýetler munuň sebäbini pişikleriň «taý yrym-ynançlarynda, adatlarynda, pähim-paýhaslarynda we medeni tejribelerinde» uly orun tutýanlygy bilen düşündirýärler. Olaryň pikiriçe, pişikleri sarpalamak — medeni däp-dessurlara aýawly çemeleşmekdir.
Şeýle-de, hökümet pişikleriň milli nyşan hökmünde ykrar edilmegi ýurduň syýahatçylyk pudagyny ilerletmäge ýardam eder diýip umyt edýär. Geçen ýyl Tailandyň syýahatçylyk pudagy pandemiýadan bäri ilkinji gezek 7,2% peselipdi.


şu gün 17:29
2.1k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

düýn 15:08
2k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

düýn 12:22
2.3k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

düýn 12:11
11k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......