«Käbir kyssalar wagt talap edýär»: «Fenerbahçe» ahyrsoňunda Kanteni transfer etdi

  • 04.02.2026 15:23
  • 6.3k+

Türkiýäniň «Fenerbahçe» kluby Saud Arabystanynyň «Al-Ittihad» toparynyň merkezi ýarym goragçysy N'Golo Kanteni resmi taýdan düzümine goşandygyny yglan etdi. Bu barada Stambul klubunyň metbugat gullugy habar berdi.

«Käbir kyssalar wagt talap edýär, ýöne soňlanman galmaýar. Biziň "Fenerbahçämize" hoş geldiň, N'Golo Kante!» diýlip, klubuň «X» sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda aýdylýar.

Fransiýaly ýarym goragçy bilen baglaşylan ylalaşyk 2028-nji ýylyň iýunyna çenli göz öňünde tutulýar.
Insaýder Fabrisio Romanonyň habar bermegine görä, resminamalardaky käbir kynçylyklardan soň, FIFA «Fenerbahçe» we «Al-Ittihad» toparlaryna bu transferi amala aşyrmaga ýörite rugsat berdi.
Aslynda bu söwda esasy transfer penjiresi döwründe tamamlanmalydy, emma resminamalaryň nädogry taýýarlanmagy sebäpli transfer bökdelipdi. Şol wagt «Fenerbahçe» «Al-Ittihad» toparynyň ýolbaşçylaryny transferi bilkastlaýyn bökdemekde açyk jemgyýetçilikde aýyplapdy. Emma ähli düşünişmezlikler çözüldi we dünýä çempiony indi resmi taýdan türk klubunyň köýnekçesini geyer.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......