Kairde ýeriň aşak çökmegi sebäpli iki dükan ýer astyna gitdi

  • 03.02.2026 20:40
  • 9.1k+

Müsürde topragyň duýdansyz çökmegi netijesinde gül we konditer önümleriniň dükanlary ýeriň astyna gitdi. Bu barada Al Arabiya habar berýär.
Waka Kairiň Et-Tagammoa sebitindäki awtoulag ýangyç bekediniň golaýynda bolup geçdi. Topragyň çökmegi netijesinde çuňlugy 15 metre ýetýän uly çukur emele geldi. Adatdan daşary hadysanyň sebäbi golaýda gurulýan desgadaky ýer işleri sebäp boldy. Hadysanyň netijesinde iki adam zyýan çekdi. Olar Täze Kairiň hassahanasyna ýerleşdirildi.
Mundan ozal, şular ýaly ýeriň opurylma hadysasy Stambulda «Kabataş» metro stansiýasy gurulýan wagty bolup geçipdi. Altynjy gatyň derejesindäki çuňlukda beton guýulýan wagty dag jynslary bölekleýin opuryldy. Netijede bäş işçi kyn ýagdaýa düşdi, olaryň üçüsi özbaşdak çykmagy başardy, ikisine bolsa halasgärler kömek etdi. Işçileriň biri alan şikesi sebäpli hassahanada aradan çykdy.


düýn 07:41
8.1k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

düýn 07:40
6.3k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
8.3k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......