"Çelgi — adamlar": Toyota RAV4-üň nesilleri barada täsirli mahabat çykardy

  • 30.01.2026 23:56
  • 3.3k+

Toyota kompaniýasy Amerikan futboly boýunça çempionatyň finaly bolan Superboul (Super Bowl) wagtynda görkezmek üçin ýörite taýýarlanan 30 sekuntlyk mahabat wideosyny hödürledi. Wideo brendiň iň meşhur modelleriniň biri bolan RAV4 krossowerine bagyşlanýar.

Wideoda garry atanyň öz kiçijik agtygyny RAV4 awtoulagyna mündirişi görkezilýär. Aradan 30 ýyl geçensoň, eýýäm kemala gelen agtygy öz atasyny şol bir modelde alyp barýar. Bu wagtyň içinde kadrdaky awtoulag öz nesillerini — birinjiden altynjy nesline çenli üýtgedýär. Mahabatda esasy üns tehniki aýratynlyklara däl-de, eýsem adamlara we nesilleriň arasyndaky arabaglanyşyga gönükdirilipdir. Şonuň üçin hem wideonyň şygary: "Adamlar — biziň esasy çelgimiz" diýlip atlandyrylýar.
Mahabatyň režissýory Rodrigo Saawedradyr.
Superboul ABŞ-nyň sport we telewideniýe durmuşyndaky iň uly waka hasaplanýar. Göni ýaýlym köp millionlyk tomaşaçyny bir ýere jemleýär, şonuň üçin kompaniýalar däp bolşy ýaly, hut şu çäre üçin ýörite mahabat roliklerini we promo-aksiýalaryny taýýarlaýarlar. Emma muňa garamazdan, soňky ýyllarda awtoulag öndürijileriniň göni ýaýlym mahabatlaryna bolan gyzyklanmasy kem-kemden azalýar.


düýn 09:36
2.4k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
6.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
12k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

09.06.2026 15:11
3.5k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......