«Realyň» maňlaýyndan ýene «Benfika» çykdy: ÇL-nyň play-off tapgyrynyň jübütleri belli boldy

  • 30.01.2026 17:57
  • 9.2k+

UEFA Çempionlar ligasynyň 2025/2026-njy ýyllar möwsüminiň utulan-çykdy (play-off) tapgyrynyň bije çekişligi geçirildi. Onuň netijesine görä «Real» ýene-de arada özüni «öýkeleden» topar bilen ýüzbe-ýüz bolar.
Madridli klub öňňün ýaryşyň umumy tapgyrynyň jemleýji oýnunda Lissabonly «Benfika» garşy oýnapdy. Žoze Mourinýonyň şägirtleri şol duşuşykda 4:2 hasabynda ýeňiş gazandylar. «Benfika» üçin örän möhüm bolan dördünji topy madridlileriň derwezesine goşmaça wagtyň soňky sekuntlarynda derwezeban salypdy. Bu agyr ýeňliş sebäpli «Real» 1/8 finala göni ýollanma gazanmak mümkinçiligini elden gidirdi, lissabonlylar bolsa ýaryşy dowam etdirmek hukugyny gazandylar.
Indi olar utulan-çykdy tapgyrynyň çäginde ýene iki duşuşyk geçirmeli bolar. Şunlukda, «Real» bilen «Benfika» yzly-yzyna üç gezek biri-biriniň garşysyna oýnar. Megerem, täze format sebäpli Ýewropanyň iň uly klub ýaryşynda şeýle ýagdaý ilkinji gezek ýüze çykýandyr.
Utulan-çykdy tapgyrynyň ähli jübütleri:

  • «Borussiýa» Dortmund (Germaniýa) — «Atalanta» (Italiýa)
  • «Olimpiakos» (Gresiýa) — «Baýer» (Germaniýa)
  • «Brýugge» (Belgiýa) — «Atletiko» Madrid (Ispaniýa)
  • «Galatasaray» (Türkiýe) — «Ýuwentus» (Italiýa)
  • «Monako» (Fransiýa) — «PSŽ» (Fransiýa)
  • «Karabah» (Azerbaýjan) — «Nýukasl Ýunaýted» (Angliýa)
  • «Budýo-Glimt» (Norwegiýa) — «Inter» (Italiýa)
  • «Benfika» (Portugaliýa) — «Real» Madrid (Ispaniýa)

Utulan-çykdy tapgyrynyň ilkinji oýunlary 17-nji we 18-nji fewralda, jogap duşuşyklary bolsa 24-nji we 25-nji fewralda geçiriler. Jedwelde ýokary orunlary eýelän toparlar jogap oýunlaryny öz meýdançalarynda kabul ederler. Bu duşuşyklaryň ýeňijileri soňra 1/8 finalda umumy tapgyryň iň gowy sekiz topary bilen ýüzleşerler. Ýaryşyň şol tapgyrynyň bije çekişligi 27-nji fewralda bolar.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......