Ýewropa ligasynyň pleý-off tapgyrynda çykyşyny dowam etdirjek 24 topar mälim boldy

  • 30.01.2026 10:48
  • 4k+

UEFA Ýewropa ligasynyň 2025/26 möwsüminiň umumy tapgyry tamamlandy. 30-njy ýanwara geçýän gije tamamlan oýunlaryň netijeleri boýunça ýaryşyň pleý-off tapgyrynda çykyşyny dowam etdirjek 24 topar mälim boldy.
Iň gowy netije görkezen sekiz klub göni 1/8 finala çykdy, galanlary bolsa utulan-çykdy oýunlarynda güýç synanyşarlar.
Umumy tapgyryň ýaryş jedwelinde ilkinji üç orny «Lion», «Aston Willa» we «Midtýulland» toparlary eýelediler.
Fransiýaly «Lion» topary öz meýdançasynda PAOK-y 4:2 hasabynda ýeňip, jedweldäki liderligini saklap galdy. Myhmanlar oýnuň esasy bölegini meýdançada on kişi bolup oýnadylar.
Unai Emeriniň tälimçiligindäki «Aston Willa» bolsa «Salsburg» bilen bolan duşuşykda ikiji ýarymda 0:2 hasaby bilen utulyp barýan ýagdaýynda kambek edip, 3:2 hasaby bilen ýeňiş gazanmagy başardy we ikinji orny eýeledi.
Daniýaly «Midtýulland» topary bolsa Zagrebiň «Dinamosyny» 2:0 hasabynda ýeňen «Midtýulland» saklap galdy.
1/8 finala göni ýollanma alan iň soňky topar «Roma» boldy. Italýan kluby oýnuň 15-nji minutynda meýdançada 10 bolup galandygyna garamazdan, myhmançylykda «Panatinaikos» bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady we sekizinji orunda ornaşdy.

8-nji tapgyryň netijeleri:
«Aston Willa» — «Zalsburg» — 3:2
«Seltik» — «Utreht» — 4:2
«Portu» — «Reýnjers» — 3:1
«Bazel» — «Wiktoriýa» — 0:1
«Midtýulland» — «Dinamo» Zagreb — 2:0
«Srwena Zwezda» — «Selta» — 1:1
FKSB — «Fenerbahçe» — 1:1
«Gou Ehed Iglz» — «Braga» — 0:0
«Genk» — «Malmö» — 2:1
«Lill» — «Fraýburg» — 1:0
«Makkabi» Tel-Awiw — «Bolonýa» — 0:3
«Nottingem Forest» — «Ferenswaroş» — 4:0
«Lion» — PAOK — 4:2
«Panatinaikos» — «Roma» — 1:1
«Ludogores» — «Nitsa» — 1:0
«Betis» — «Feýenoord» — 2:1
«Şturm» — «Brann» — 1:0
«Ştuttgart» — «Ýang Boýz» — 3:2

Göni 1/8 finala çykanlar: «Aston Willa» (Angliýa), «Braga» (Portugaliýa), «Lion» (Fransiýa), «Midtýulland» (Daniýa), «Portu» (Portugaliýa), «Betis» (Ispaniýa), «Roma» (Italiýa), «Fraýburg» (Germaniýa).
Utulan-çykdy (play-off) oýunlarynda oýnajaklar: «Bolonýa» (Italiýa), «Brann» (Norwegiýa), «Wiktoriýa» (Çehiýa), «Genk» (Belgiýa), «Dinamo» Zagreb (Horwatiýa), «Lill» (Fransiýa), «Ludogores» (Bolgariýa), «Nottingem Forest» (Angliýa), «Panatinaikos» (Gresiýa), PAOK (Gresiýa), «Seltik» (Şotlandiýa), «Selta» (Ispaniýa), «Fenerbahçe» (Türkiýe), «Ferenswaroş» (Wengriýa), «Srwena Zwezda» (Serbiýa), «Ştuttgart» (Germaniýa).

Utulan-çykdy tapgyrynyň bije çekilişigi 30-njy ýanwarda geçiriler. Dabara sagat 17:00-da başlar.


düýn 23:46
3k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:02
2.7k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

düýn 00:17
8.6k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

03.06.2026 15:45
10k+

UEFA Gurban Berdiýewiň «Turan-Towuz» toparyny ýewrokuboklardan çetleşdirdi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» klubuny 2026/27 möwsüminiň Konferensiýa ligasyna gatnaşmakdan çetleşdirdi. Bu çözgüt 2019-njy ýylda klubuň ýedi futbolçysynyň......