$13 mlrd oýun-oýunjak zat däl: dünýä futbolunyň transfer çykdajylary rekord derejä ýetdi

  • şu gün 06:43
  • 738

 
 
2025-nji ýylda dünýäniň futbol klublary transferler üçin rekord derejedäki pul möçberini — 13,08 milliard dollary sarp etdiler. Bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) hasabatynda bellenilýär.
2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, çykdajylar 52,3% ýokarlandy. Şol ýyl klublar oýunçylary satyn almak üçin 8,59 milliard dollar sarp edipdiler. Mundan öňki rekord 2023-nji ýylda hasaba alnyp, ol 9,66 milliard dollara deň bolupdy.
FIFA-nyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda 24 558 sany transfer amaly hasaba alyndy. Bu görkeziji geçen ýyldakydan 7,7% köpdür. Şertnamalara jemi 5 283 sany klub gatnaşdy.
Iňlis klublary hem transferler üçin edilen umumy çykdajylar (3,82 milliard dollar), hem-de transferlerden alnan tölegleriň möçberi (1,77 milliard dollar) boýunça öňde barýarlar. Oýunçy satyn almak üçin beýlekilerden has köp pul sarp eden toparlaryň arasynda «Mançester Siti», «Liwerpul» we «Çelsi» bar.


düýn 20:39
4.6k+

CAF Afrika Kubogynyň finalyndaky bidüzgünçilikleri üçin Senegal bilen Marokko temmi berdi

Afrika Futbol Konfederasiýasy (CAF) Senegal bilen Marokkonyň ýygyndylarynyň arasynda Afrika Milletler Kubogynyň finalynda bolup geçen düzgün bozmalar boýunça temmilerini yglan etdi. Şol duşuşykda Senegal Marokkony goşmaça wagtda 1:0 hasabynda ýeňip, taryhynda ikinji gezek ýaryşyň ýeňijisi bolupdy...

düýn 09:14
7.5k+

Diňe ýeňip gelen «Arsenal», «Realyň» şowsuzlygy, derwezebanyň salan goly: ÇL-de umumy tapgyr jemlendi

29-njy ýanwara geçilýän gije UEFA Çempionlar ligasynda umumy tapgyryň oýunlary jemlendi. Olaryň netijesinde, Ýewropanyň iň esasy klub ýaryşynyň göni 1/8 finalyna çykan sekiz topar belli boldy. Ýaryş jedweliniň birinji ornuny «Arsenal» topary eýeledi...

27.01.2026 22:40
5.9k+

«Barselona» Fermin Lopes bilen şertnama baglaşdy, ýöne Drony PSŽ-ä goýberdi

«Barselona» futbol klubunyň ýetişdiren oýunçysy Dro Fernandes PSŽ-niň oýunçysy boldy. Bu transfer barada parižli klubuň resmi saýty habar berdi.  18 ýaşly ispaniýaly ýarymgoragçy 2030-njy ýyla çenli möhlet bilen şertnama baglaşdy...

25.01.2026 23:14
4.8k+

Ýewropanyň çempiony Nani Gazagystanyň «Aktobe» klubunyň oýunçysy boldy

«Aktobe» futbol kluby Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we «Mançester Ýunaýtediň» öňki wingeri Luiş Nani bilen şertnama baglaşandygyny yglan etdi. 39 ýaşly futbolçy bilen baglaşylan ylalaşyk şu ýylyň ahyryna çenli niýetlenendir...