«Barselona» Fermin Lopes bilen şertnama baglaşdy, ýöne Drony PSŽ-ä goýberdi

  • 27.01.2026 22:40
  • 6.4k+

«Barselona» futbol klubunyň ýetişdiren oýunçysy Dro Fernandes PSŽ-niň oýunçysy boldy. Bu transfer barada parižli klubuň resmi saýty habar berdi. 
18 ýaşly ispaniýaly ýarymgoragçy 2030-njy ýyla çenli möhlet bilen şertnama baglaşdy. Ol Luis Enrikeniň baştutanlygyndaky täze toparynda 27-nji belgi bilen çykyş eder.
Fernandes «Barselonanyň» akademiýasynyň ähli tapgyrlaryny geçip, 2025-nji ýylda esasy toparda ilkinji gezek çykyş etdi. Ol şu möwsümde klub üçin bäş oýna gatnaşyp, bir assist etdi. Şeýle-de, oýunçy yzygiderli Ispaniýanyň ýaşlar ýygyndylarynda oýnamaga çagyryldy.

Şol bir wagtyň özünde, katalon klubunyň «La Masiýanyň» beýleki bir uçurymy — ýarymgoragçy Fermin Lopes bilen ylalaşyk gazanandygy mälim boldy. Žurnalist we insaýder Fabrisio Romanonyň maglumatyna görä, taraplar täze ylalaşygyň şertlerini makullapdyrlar. Futbolçynyň täze şertnamasy 2031-nji ýylyň tomsuna çenli hereket eder.
Habar berlişi ýaly, awgust aýynda Lopes «Barselonany» terk etmekden ýüz öwüripdir. Täze şertnama boýunça onuň zähmet haky iki esse artar. «La Vanguardia» neşiri futbolçynyň başga kluba geçmegi üçin bahasynyň hem iki esse ýokarlanjakdygyny belleýär. Bu bolsa toparyň Fermini saklap galmaga çynlakaý çemeleşýändigini görkezýär.

Klub şertnamanyň uzaldylandygy barada 30-njy ýanwara geçilýän gije «Kopengagen» bilen boljak Çempionlar ligasynyň duşuşygyndan soň resmi taýdan yglan etmegi meýilleşdirýär.
Fermin Lopes kluba 13 ýaşynda «Betisiň» akademiýasyndan geldi. Onuň häzirki şertnamasy 2029-njy ýylyň tomsuna çenli niýetlenendir. Häzirki dowam edýän möwsümde ýarymgoragçy toparyň düzüminde jemi 10 gol salyp, 10 assist etdi.
La Liganyň 19 tapgyryndan soň, «Barselona» 52 utuk bilen ýaryş jedwelinde birinji orny eýeleýär.


06.06.2026 10:24
5.6k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

06.06.2026 08:15
4.2k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

05.06.2026 15:52
9.6k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.7k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......