CAF Afrika Kubogynyň finalyndaky bidüzgünçilikleri üçin Senegal bilen Marokko temmi berdi

  • 29.01.2026 20:39
  • 8.7k+

Afrika Futbol Konfederasiýasy (CAF) Senegal bilen Marokkonyň ýygyndylarynyň arasynda Afrika Milletler Kubogynyň finalynda bolup geçen düzgün bozmalar boýunça temmilerini yglan etdi. Şol duşuşykda Senegal Marokkony goşmaça wagtda 1:0 hasabynda ýeňip, taryhynda ikinji gezek ýaryşyň ýeňijisi bolupdy.

Duşuşygyň ahyrynda, ikinji ýaryma goşulan goşmaça wagtda meýdançada uly dawa ýüze çykdy. Senegalyň baş tälimçisi Pap Týaw öz oýunçylarynyň geçiren golunyň hasaba alynmandygyna we Marokkonyň peýdasyna penalti urgusynyň bellenilmegine närazylyk hökmünde topary meýdançadan alyp gitdi. Soňra toparyň kapitany Sadio Mane oýunçylary meýdança gaýtaryp getirdi.
CAF-nyň kararyna görä, Pap Týaw sporta mahsus bolmadyk hereketleri, adalatly oýun ýörelgelerini bozandygy we futbolyň abraýyna zeper ýetirendigi üçin 5 oýunlyk diskwalifikasiýa edildi we 100 müň dollar jerime çekdi. Bu sanksiýalar diňe CAF-nyň çägindäki geçirilýän ýaryşlara degişli bolup, Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna täsir etmeýär. Iliman Ndiaýe we Ismaila Sarr eminlere garşy eden hereketleri üçin 2 oýunlyk diskwalifikasiýa aldylar. Senegal Futbol Federasiýasy janköýerleriň, oýunçylaryň we tälimçiler düzüminiň hereketleri, şeýle-de finalda alnan 5 sany sary duýduryş üçin jemi 615 müň dollar jerime tölemeli boldy.
Marokko berlen temmiler: Aşraf Hakimi senegally derwezeban Eduar Mendiniň süpürgijini (polotensasyny) meýdançanyň daşyna zyňandygy (sporta mahsus bolmadyk hereket) üçin 2 oýunlyk (bir oýny şertli) diskwalifikasiýa edildi. Ismael Saibari ätiýaçdaky derwezebanyň Mendä şol süpürgijini bermegine päsgel bermäge synanyşandygy üçin 3 oýunlyk oýundan çetleşdirildi we 100 müň dollar jerime salyndy. Marokko Futbol Federasiýasy top alyp berýän çagalaryň özüni talabalaýyk alyp barmandygy, oýunçylaryň we tälimçileriň VAR zolagyna girip eminiň işine päsgel bermegi, şeýle-de janköýerleriň lazer ulanandygy üçin 315 müň dollar jerime aldy.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......