Diňe ýeňip gelen «Arsenal», «Realyň» şowsuzlygy, derwezebanyň salan goly: ÇL-de umumy tapgyr jemlendi

  • 29.01.2026 09:14
  • 9.6k+

29-njy ýanwara geçilýän gije UEFA Çempionlar ligasynda umumy tapgyryň oýunlary jemlendi. Olaryň netijesinde, Ýewropanyň iň esasy klub ýaryşynyň göni 1/8 finalyna çykan sekiz topar belli boldy.
Ýaryş jedweliniň birinji ornuny «Arsenal» topary eýeledi. Londonly klub umumy tapgyryň sekiz oýnunyň ählisinde ýeňiş gazanmagy başaran ilkinji klub boldy. Ol jemleýji tapgyrda Gazagystanyň «Kaýrat» toparyny 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
Emma günüň esasy iň dartgynly wakasy Lissabonda bolup geçdi. Bu ýerde Žoze Mourinýonyň tälimçilik edýän «Benfika» topary Madridli «Realy» 4;2 hasap bilen ýeňmegi başardy. Oýnuň netijesinde madridliler umumy tapgyry 9-njy orunda — göni 1/8 finaldan bir ädim aşakda tamamladylar. Portugal kluby bolsa derwezeban Anatoliý Trubiniň goşmaça wagtda uran goly we gazanylan ýeňşiň netijesinde 32-nji orundan 24-nji orna göterilip, pleý-off tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan soňky topar boldy.
Ýene bir möhüm habar – Azerbaýjanyň «Garabag» toparynyň üstünligidir. «Liwerpuldan» uly hasap bilen (6:0) ýeňilendigine garamazdan, bu klub soňky on ýylda ÇL-nyň pleý-off tapgyryna çykan GDA ýurtlarynyň ilkinji wekili boldy. Gurban Gurbanowyň şägirtleri umumy tapgyry 22-nji orunda jemlediler we indi utulan-çykdy tapgyrynda oýnarlar.
ÇL-niň 8-nji tapgyrynyň netijeleri:

  • «Aýaks» – «Olimpiakos» — 1:2;
  • «Pafos» – «Slawiýa» Praga — 4:1;
  • «Atletik» Bilbao – «Sporting» — 2:3;
  • «Atletiko» Madrid – «Budýo-Glimt» — 1:2;
  • «Brýugge» – «Marsel» — 3:0;
  • «Monako» – «Ýuwentus» — 0:0;
  • «Arsenal» – «Kaýrat» — 3:2;
  • «Aýntraht» Frankfurt – «Tottenhem Hotspur» — 0:2;
  • «Baýer» Lewerkuzen – «Wilýarreal» — 3:0;
  • «Ýunion» – «Atalanta» — 1:0;
  • «Mançester Siti» – «Galatasaraý» — 2:0;
  • «Liwerpul» – «Garabag» — 6:0;
  • «Barselona» – «Kopengagen» — 4:1;
  • «PSŽ» – «Nýukasl Ýunaýted» — 1:1;
  • «Borussiýa» Dortmund – «Inter» — 0:2;
  • «Napoli» – «Çelsi» — 2:3;
  • «Benfika» – «Real» Madrid — 4:2;
  • PSW Eýndhowen – «Bawariýa» — 1:2.

Gönümel 1/8 finala çykan toparlar: «Arsenal», «Bawariýa», «Liwerpul», «Tottenhem», «Barselona», «Çelsi», «Sporting» we «Mançester Siti».
Bu toparlar utulan-çykdy tapgyryndan soňra belli boljak garşydaşlaryna garaşarlar. Munda umumy tapgyryň netijeleri boýunça 9-njy orundan 24-nji orna çenli ýerleri eýelän toparlar güýç synaşarlar.
Birinji sebetdäki toparlar (9-16-njy ýerler): «Real», «Inter», «PSŽ», «Nýukasl», «Ýuwentus», «Atletiko», «Atalanta» we «Baýer».
Ikinji sebetdäki toparlar (17-24-nji ýerler): «Borussiýa» Dortmund, «Olimpiakos», «Brýugge», «Galatasaraý», «Monako», «Garabag», «Budýo-Glimt» we «Benfika».
Bije çekişligi anna güni, 30-njy ýanwarda geçiriler.
Ýaryşyň finaly 2026-njy ýylyň 30-njy maýynda Budapeştiň «Puşkaş Arena» stadionynda geçiriler.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......