Mercedes-AMG täze ekstremal Mythos kupesiniň ilkinji suratlaryny görkezdi

  • 29.01.2026 15:46
  • 2.9k+

Mercedes-Benz kompaniýasy AMG bölüminiň iň täze modeli hasaplanýan täze sport kupesiniň ilkinji resmi suratlaryny paýlaşdy. Bu ulagyň eksklýuziw Mythos seriýasynyň ikinji modeli boljakdygy tassyklanyldy. Onuň resmi tanyşdyrylyş senesi heniz yglan edilmedi.

Resmi däl maglumatlara görä, kupe CLE platformasynda gurlupdyr we täze sekiz silindrli (V8) hereketlendiriji bilen üpjün ediler. Daşky görnüşi boýunça model adaty CLE-den düýpli tapawutlanýar: ol has kämilleşdirilen howa giriş ulgamy bolan täze öň bamper, yzky uly ganat (anti-krylo), giňeldilen teker diskalary we trapesiýa görnüşli gaz çykaryş turbajyklary bilen tapawutlanýar. Bu jikme-jiklikler awtoulagyň täze V8 motory bilen üpjün ediljekdigine gönüden-göni däl subutnamadyr.
Täze gurluşly sekiz silindrli herketlendirijiniň ýakyn günlerde tanyşdyryljak täzelenen S-Class-yň hereketlendirijiler toplumynda hem peýda boljakdygy tassyklanyldy. Çaklamalara görä, bu agregat soňra ikinji Mythos modeline hem gurnalar we onuň kuwwaty 650 at güýjünden geçip biler. Suratlardaky käbir aýratynlyklar kupeniň diňe yzky tekerler arkaly hereketlendiriljekdigini görkezýär.
Mythos seriýasynyň ilkinji modeli bolan PureSpeed 2024-nji ýylda görkezilipdi. AMG SL modeliniň esasynda döredilen bu awtoulag düýpli özgerdilen kuzowa we 585 at güýjüne eýe bolan 4,0 litrlik V8 motoryna eýedi. Spidsteriň önümçiligi 250 birlik bilen çäklenipdi, şonuň üçin täze kupeniň hem çäkli sanda öndürilmegine garaşylýar.


03.06.2026 11:52
7.2k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....

30.04.2026 16:52
4.4k+

Mercedes tankytlardan soň awtomobillere fiziki düwmeleri gaýtaryp getirmek kararyna geldi

Mercedes kompaniýasy awtomobilleriň salonyndaky dolandyryş ulgamyna bolan çemeleşmesini täzeden gözden geçirýär we sanly ekranlary saklap galmak bilen, esasy funksiýalar üçin fiziki düwmeleri yzyna gaýtarmaly......