Audi täzelenen A5 we Q5 modelleriniň içki bezeginde ýene adaty çözgütlere dolandy

  • 28.01.2026 13:50
  • 2.2k+

Audi kompaniýasy ABŞ-da içki bezegi we elektron ulgamlary kämilleşdirilen 2026-njy ýylyň A5 we Q5 modellerini tanyşdyrdy. Bu gezek esasy üns dolandyryşyň oňaýlylygyna we hereket wagtynda sürüjiniň ünsüni sowýan faktorlary azaltmaga gönükdirildi.
Iň görnetin üýtgeşme — rulda mehaniki elementleriň peýda bolmagydyr. Täze dört çarhly rulda düwmeler sensorlylygyna galsa-da, olara iki sany fiziki aýlanýan tekerjik goşuldy. Şeýle çözgüt esasy funksiýalary dolandyrmagy ýönekeýleşdirmäge niýetlenendir.
Şeýle-de, üç ekrandan ybarat bolan «Audi Digital Stage» ulgamynyň interfeýsi täzeden işlenildi. Onuň menýulary öňküden ýönekeýleşdirildi, sanawlar gysgaldyldy, grafikasy bolsa has aýdyň görnüşe getirildi. Kompaniýanyň bellemegine görä, täze dolandyryş logikasy sürüjiniň üstüne düşýän ýüki azaldýar. Wirtual görkezijiler paneli birnäçe görkeziş režimine eýe boldy, şoňa görä, smartfondaky şekili indi göni sanly panele çykaryp bolýar.
Ýolagçy üçin niýetlenen displeý hem kämilleşdirilip, oňa Bluetooth-gulaklyklary birikdirildi. Bu bolsa ýolagça sürüjä bagly bolmazdan wideo görmegine ýa-da audio diňlemegine mümkinçilik berýär.
2026-njy ýylyň Audi A5 modeli «S Sport» asma ulgamy, kellesöýeglerindäki dinamikleri bolan «Bang & Olufsen» audiosistemasy we 19 dýuymlyk tekerleri bolan «S line Black» paketi bilen hödürlenilýär. Audi Q5 hem şuna meňzeş paket, 20 dýuymlyk tekerlerden we eksterýeriň goşmaça gara elementleri özünde jemleýär.
Täze goşmaça enjamlaryň arasynda yzky görüş aýnasynyň düýbünde ýerleşdirilen zawod wideoregistratory bar. Ol multimedia ulgamy arkaly dolandyrylýar we ýazgy SD-karta ýazylýar.


09.05.2026 13:31
2.2k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.6k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

13.03.2026 17:49
8.2k+

2026-njy ýylyň iň garaşylýan awtoulaglary

Motor1 neşiri 2026-njy ýylyň ahyryna çenli awtomobil bazaryna çykarylmagyna garaşylýan iň täze awtoulag modelleriniň sanawyny çap etdi. Bu sanawa dürli ugurlardaky modeller, şol sanda benzinli, gibrid hem-de doly elektrikli ulaglar girizildi...