Mercedes-Benz S-Class-a modeliň taryhynda iň düýpli özgeriş garaşýar

  • 27.01.2026 13:25
  • 6.1k+

Täzelenen Mercedes-Benz S-Class-yň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşy 29-njy ýanwara meýilleşdirilýär. Germaniýanyň awtoulag öndürijisi bu senäni tassyklady we geljekki täze modeliň birnäçe tizer suratlaryny çap etdi.
Kompaniýanyň habar bermegine görä, bu gezekki dizaýn üýtgetmesi modeliň bütin taryhynda iň uly göwrümli özgerişleriň biri bolar. Awtoulagyň detallarynyň ýaryndan gowragy — takmynan 2,7 müň bölegi — çalşyldy ýa-da kämilleşdirildi.
Mercedes-Benz kompaniýasynyň baş direktory Ola Kallenius täzelenen sedanyň «has batyrgaý» keşbe eýe boljakdygyny aýtdy. Esasy üýtgeşmeleriň arasynda kapodyň üstündäki dik duran ýyldyz, MB.OS operasion ulgamyna esaslanýan täze nesliň sanly intellektual ulgamlary, şeýle-de has giňeldilen şahsy sazlamalar bar.
Ulagyň hereket wagtyndaky amatlylygyna aýratyn üns berildi. Muňa amortizatorlary akylly sazlaýan, kämilleşdirilen «Airmatic» pnewmatik asma ulgamy arkaly ýetildi. Şeýle-de, restaýling edilen S-Class-yň döwrebaplaşdyrylan 4 litrlik, goşa turbinaly V8 hereketlendiriji bilen enjamlaşdyryljagy çaklanylýar.
Häzirki wagtda ulanylýan W223 kuzowly Mercedes-Benz S-Class mundan bäş ýyl ozal tanyşdyrylypdy.


düýn 12:20
2.8k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....