ABŞ-daky gar boragany gaz çykarylyşyny azaldyp, bahalary 2022-nji ýyldan bäri iň ýokary derejä galdyrdy

  • 26.01.2026 23:22
  • 10k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda tebigy gazyň birža bahalary 2022-nji ýylyň dekabryndan bäri ilkinji gezek 1 million britan ýylylyk birligi (BTU) üçin 6 dollardan geçdi. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär.

Eýýäm birnäçe günden bäri Ştatlary gurşap alan güýçli arktiki siklon (sowuk howa akymy) esasy sebäp boldy. Sowuk howa sebäpli jaýlary ýylatmak üçin gaza bolan isleg barha ýokarlandy.
Enjamlaryň doňmagy sebäpli ABŞ-da gaz önümçiligi 10%-e golaý azaldy.
Suwuklandyrylan tebigy gaz (LNG/SPG) zawodlaryna iberilýän gaz soňky bir ýylyň iň pes derejesine düşdi.
Duşenbe güni Aziýa biržalaryndaky söwdalarda fewral aýy üçin fýuçers şertnamalary 19% gymmatlap, 6,288 dollara ýetdi. Geçen hepdede bahalar umumylykda 70% galdy, bu bolsa 1990-njy ýyldan bäri iň uly hepdelik ösüş hökmünde hasaba alyndy.

Ýurduň iň uly energiýa torlarynyň operatory, elektrik energiýasyny sarp etmekde garaşylýan täze rekordlar sebäpli, elektrik stansiýalaryna ýangyç ätiýaçlyklaryny öňünden taýýarlamagy maslahat berdi. Şol bir wagtda, güýçli gar we boragan müňlerçe awiareýsiň ýatyrylmagyna sebäp boldy.
Analitikleriň garaýşy
Hünärmenleriň pikirine görä, fewral şertnamalarynyň möwritiniň çarşenbe güni dolýandygy sebäpli bahalar şeýle durnuksyz böküşleri amala aşyrýar. Mart aýy üçin fýuçersler has "asuda" ösüşi görkezip, 11% gymmatlady we 4 dollardan aşakda galdy.
Mundan ozal beýle ýokary bahalar 2022-nji ýylyň ahyrynda, Russiýadan gelýän gaz azalandan soň Ýewropa ýurtlarynyň işjeň görnüşde Amerikan suwuklandyrylan gazyny satyn alýan döwründe hasaba alnypdy.


23.03.2026 07:22
6.3k+

Gawai adalarynda 20 ýylda dörän iň güýçli sil zerarly müňlerçe adam göçürilýär

Gawai adalarynda soňky 20 ýylyň iň güýçli sili hasaba alyndy. AP habar gullugy ýerli häkimiýetlere salgylanyp, güýçli ýagyşlar zerarly Oahu adasynyň uly bölegini suw alandygyny we 5,5 müňden gowrak adamyň howpsuz ýerlere göçürilendigini habar berýär...

23.03.2026 05:25
4.4k+

ABŞ-da mart aýy üçin rekord derejedäki yssy hasaba alyndy

ABŞ-nyň günorta-günbatarynda howanyň temperaturasy adatdan daşary derejä ýetip, ozalky iň ýokary görkezijileri täzeledi. Bilermenler sebitdäki mart aýy üçin rekord derejedäki bu jöwzany global howa üýtgemegi bilen baglanyşdyrýarlar...

16.03.2026 19:31
5k+

Gawaidäki Kilauea wulkany 540 metr beýiklige lawa zyňdy

Gawai adasyndaky Kilauea wulkany soňky atylmasy wagtynda 540 metr beýiklige lawa zyňdy. «IFLscience» neşiriniň ýazmagyna görä, bu beýiklik 2024-nji ýylyň dekabryndan bäri dowam edýän häzirki atylmalar döwründe iň ýokary dereje boldy...

12.03.2026 23:40
13k+

ABŞ-nyň birnäçe ştatyna wehimli tornado aralaşyp, güýçli doly ýagdy

Hepdäniň başynda ABŞ-nyň birnäçe sebitinde yzigiderli dowam edýän güýçli harasatlar başlandy. Tehasdan Miçigana çenli bolan aralykdaky ýerlerde çabga ýagyşlary, uly göwrümli doly we güýçli ýel hasaba alyndy. Tebigy harasat sişenbe güni, 10-njy martda başlandy...