ABŞ-da 200 milliona golaý adam güýçli gar boraganynyň täsiri astynda galdy

  • 26.01.2026 12:27
  • 10k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna düşen güýçli gar boragany takmynan 200 million adama täsir etdi. Bu barada ABC amerikan teleýaýlymy habar berýär.

Milli meteorologiýa gullugynyň maglumatyna görä, güýçli gar ýagynlary Nýu-Meksiko ştatyndan başlap, ýurduň gündogaryndaky Täze Angliýa (New England) sebitine çenli ägirt uly meýdany gurşap aldy. Käbir ýerlerde garyň galyňlygy 40 santimetre ýetdi.
«PowerOutage» çeşmesiniň habar bermegine görä, 1 milliondan gowrak hojalyk toksuz galdy. Tebigy harasatdan, esasan, günorta ştatlar zyýan çekdi. «CNN» telekanalynyň habar bermegine görä, Tennessi ştatynda 330 müňden, Missisipide 160 müňden, Luizianada 135 müňden we Tehasda 90 müňden gowrak hojalyk elektrik energiýasyz galdy.
Ýaramaz howa şertleri sebäpli azyndan ýedi adam aradan çykdy. Luiziana ştatynda iki adam aşa sowuk urmagy sebäpli ýogaldy.Garyň ýagmagy ulag ulgamynyň işini düýpli bökdedi. Geçen dynç günlerinde ABŞ-da 15 müňden gowrak awiareýsler ýatyryldy, birnäçe sebitlerde bolsa parom gatnawlary wagtlaýynça togtadyldy.
Häzirki wagtda ABŞ-nyň 23 ştatynda adatdan daşary ýagdaý tertibi girizildi. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp anna güni beren beýanatynda, gyssagly kömek gulluklarynyň garaşylýan rekord derejedäki aýazlara we täze gar boraganlaryna taýýardygyny mälim etdi.


24.04.2026 18:54
10k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

16.04.2026 14:05
8.9k+

ABŞ-da güýçli siklon: tornado bilen doly 130 million adama zyýan ýetirdi

ABŞ-nyň Tehas ştatyndan Nýu-Ýorka çenli bolan çäklerinde tornado, doly we çabga ýagyşlaryna sebäp bolan güýçli siklon boldy. FOX Weather gullugynyň maglumatlaryna görä, tebigy harasat 130 million ýaşaýja täsir......

23.03.2026 07:22
6.5k+

Gawai adalarynda 20 ýylda dörän iň güýçli sil zerarly müňlerçe adam göçürilýär

Gawai adalarynda soňky 20 ýylyň iň güýçli sili hasaba alyndy. AP habar gullugy ýerli häkimiýetlere salgylanyp, güýçli ýagyşlar zerarly Oahu adasynyň uly bölegini suw alandygyny we 5,5 müňden gowrak adamyň howpsuz ýerlere göçürilendigini habar berýär...

23.03.2026 05:25
4.6k+

ABŞ-da mart aýy üçin rekord derejedäki yssy hasaba alyndy

ABŞ-nyň günorta-günbatarynda howanyň temperaturasy adatdan daşary derejä ýetip, ozalky iň ýokary görkezijileri täzeledi. Bilermenler sebitdäki mart aýy üçin rekord derejedäki bu jöwzany global howa üýtgemegi bilen baglanyşdyrýarlar...