TCL täze hyzmatdaşlygyň çäklerinde Sony-nyň telewizor biznesini öz gözegçiligine alar

  • 26.01.2026 03:54
  • 1.8k+

Sony we TCL kompaniýalary Sony korporasiýasynyň telewizor we hojalyk audio tehnikalaryny öndürmek boýunça biznesini dolandyrjak bilelikdäki kärhanany döretmek barada ylalaşdylar. Bu barada kompaniýalaryň umumy beýanatynda aýdylýar.
«Biz TCL bilen strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk gazananymyza begenýäris. Biziň iki kompaniýanyň birleşen tejribesi arkaly dünýädäki ähli müşderilerimize has täsirli audio we wideogörnişleri hödürlemek bilen, olaryň öýdäki dynç alyşlarynyň gymmatyny artdyrmak maksadymyz bar» diýip, Sony korporasiýasynyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Kimio Maki belledi.
«Sony bilen baglaşylan bu strategik hyzmatdaşlygyň iki tarapyň hem güýçli taraplaryny birleşdirip, durnukly ösüş üçin kuwwatly platforma döretmäge ajaýyp mümkinçilik berjekdigine ynanýarys. Biznesiň biri-birini strategik taýdan doldurmagy, tehnologiýa we nou-hau alyş-çalyşlary, şeýle hem işewürlik integrasiýasy arkaly brendimiziň gymmatyny ýokarlandyrmaga, iş gerimini giňeltmäge we üpjünçilik zynjyryny kämilleşdirip, müşderilerimize iň ýokary hilli önümleri hem-de hyzmatlary hödürlemäge umyt baglaýarys» diýip, TCL Electronics Holdings Limited  kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Du Huan sözüniň üstüni ýetirdi.
Ozal çap edilen maglumatlara görä, täze kärhananyň paýnamalarynyň 51 göterimi TCL kompaniýasyna degişli bolar, Sony bolsa 49 göterim paýyny saklap galar. Kompaniýalar özara düşünişmek baradaky memoranduma gol çekdiler we hökmany şertleri 2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli ylalaşmagy meýilleşdirýärler. Kärhananyň işine degişli edaralaryň rugsatlary alnandan soň, 2027-nji ýylyň aprel aýynda başlamagyna garaşylýar.
Bilelikdäki kärhana önümleri işläp düzmek, öndürmek, satmak we serwis hyzmatlary üçin jogapkär bolar. Telewizorlar öňki bolşy ýaly, Sony we Bravia markalary bilen çykarylmagyny dowam etdirer.


düýn 11:35
2.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:30
3k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

18.06.2026 22:09
1.6k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
814

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......