Toyota Hiace soňky 13 ýylda iň uly täzelenmäni aldy

  • 20.01.2026 22:45
  • 12k+

Toyota ýapon bazary üçin Hiace furgonynyň täzelenen görnüşini hödürledi. Onuň satuwy 2026-njy ýylyň 2-nji fewralynda başlar. Ýaponiýada modeliň häzirki nesli 2004-nji ýyldan bäri çykarylýar. Galan ýurtlarda Hiace-yň nesli 2019-njy ýylda üýtgedildi.

Täzelenme model üçin soňky on ýyldan gowrak wagtyň içinde iň ulusy boldy.
Ulagyň daşky görnüşinde üýtgeşmeler kän däl, diňe LED faralary döwrebaplaşdyryldy. Kuzow we rama öňküligine galdy. Soňky gezek furgonyň eksterýeri 2013-nji ýylda düýpli üýtgedilipdi, şol wagt başga bamper, radiator gözenegi we çyralar oturdyldy.
Bu gezek üýtgeşmeler, esasan, salona täsir etdi. Hiace-yň ähli wersiýalary nawigasiýa we töwerekleýin syn ediş bilen 8 dýuýmlyk sensor mediaulgamyny, şeýle-de 7 dýuýmlyk ekran bilen sanly enjam panelini aldy. Super GL wersiýasynda öňdäki oturgyçlary gyzdyrma ulgamy hödürlenýär. Esasy wersiýalarda indi yzky gapylary berkidiş funksiýasy bar.
Toyota Safety System howpsuzlyk ulgamlarynyň toplumy hem giňeldildi, öwrümlerde haýalladýan adaptiw dolandyryş, zolak çalyşmakda kömekçi, ýol nyşanlaryny tanamak ýaly funksiýalar hem-de çaknyşyklaryň öňüni almagyň kämilleşdirilen ulgamy peýda boldy.
Tehniki bölek öňküligine galdy – 158 at güýjüni berýän 2,0 litrlik benzin hereketlendirijisi we 149 at güýjüni berýän 2,8 litrlik dizel hereketlendirijisi, ikisi-de 6 basgançakly «awtomat» we yzky ýa-da doly herekete getiriji bilen bilelikde işleýär.
Furgon 18 müň dollardan 30 müň dollara çenli baha bilen dürli wersiýada hödürlenýär. 


21.06.2026 21:15
4.1k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....