Nigeriýanyň milli ýygyndysy penalti tapgyrynda Müsüri utup, Afrikanyň Kubogynyň bürünç medalyny gazandy

  • 18.01.2026 10:14
  • 4.6k+

Nigeriýanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary Marokkoda geçirilýän Afrika milletleriniň kubogynda üçünji ýer üçin oýunda Müsüriň toparyny penalti tapgyrynda utdy. Oýnuň esasy wagty golsuz tamamlandy – 0:0. Penalti tapgyrynda Nigeriýanyň topary güýçli geldi – 4:2. Müsürlilerden toparyň esasy ýyldyzlary Mohamed Salah we Omar Marmuş gol geçirip bilmedi.

Kubok üçin finalda Marokko bilen Senegalyň milli ýygyndylary göreşer. Oýun 19-njy ýanwara geçilýän gije bolar.
Nigeriýa öz taryhynda Afrikanyň kubogynda dokuzynjy gezek bürünç baýrak alýar. 2023-nji ýylda geçirilen ýaryşda topar finala çykyp, Kot-d’Iwuardan utulypdy. 


düýn 18:26
2.2k+

FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny $871 mln çenli artdyrdy

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny 15% artdyryp, tölegleriň umumy möçberini 871 million dollara ýetirmek barada çözgüt kabul etdi....

düýn 11:46
4.3k+

Ýewropa we Konferensiýalar Ligasy: Emeriň emeli ýetmedi, Sarr oýlanmaga-da maý bermedi

Ýewropa Ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýunlarynda «Nottingem Forest» az-owlak tapawut bilen «Aston Willany» ýeňdi, Portugaliýanyň «Bragasy» bolsa soňky minutlarda Germaniýanyň «Fraýburgyna» aman diletdi.......

30.04.2026 10:10
6.1k+

ÇL-iň 1/2 finalynda «Atletiko» — «Arsenal» duşuşygynyň ykbalyny iki penalti çözdi

«Atletiko» we «Arsenal» toparlarynyň UEFA Çempionlar ligasynyň ýarymfinal garşydaşlygynda birinji oýun 1:1 hasaby bilen tamamlandy. Madridde geçirilen duşuşykda iki topar hem gollaryny penaltiden urmagy......

29.04.2026 09:59
6.7k+

ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler

Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň......