Iki ýarym asyrdan soň türkmen nusgawy şahyry Seýdiniň täze goşgulary tapyldy

  • düýn 23:47
  • 1k+

2025-nji ýylda nusgawy türkmen şahyry Seýitnazar Seýdiniň doglan gününe 250 ýyl doldy. Ýakynda, tutuş döredijiligi watançylyk ideýasyna ýugrulan serkerde şahyryň täze goşgulary ýüze çykaryldy. Bu barada Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Jeren Atabaýewa  «Edebiýat we sungat» gazetinde çap edilen makalasynda gürrüň berýär.

Bellenilişi ýaly, täze goşgular şahyryň dogduk mekany Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň Lamma obasynda ýaşaýan Seýdiniň çowlugy Hüýrpaşa enäniň çowlugy Aýjan gelnejeden alyndy. Goşgular 1969-njy ýylda Hüýrpaşa enäniň dilinden ýazylyp alnypdyr.  Hüýrpaşa enäniň agtygy Annasapar Eminowyň nesli häzirki wagtda Saýat etrabynyň Lamma obasynda ýaşaýar. Onuň şahsy arhiwinde Seýitnazar Seýdiniň halk köpçüligine nätanyş bolan birnäçe şygyrlarynyň bardygy anyklanyldy.
Seýitnazar Seýdiniň täze tapylan goşgularynyň biri onuň Begmyrat atly batyr serkerdesine bagyşlanýar. Seýdiden 6-7 ýaş uly Begmyradyň özi-de şahyr bolupdyr. Ýeňil bolmadyk döwürde ýaşan Seýdi hyýanat zerarly käbir çaknyşykda ýeňlip, kynçylykly ýagdaýa sezewar bolýar. Annasapar Eminowyň şahsy arhiwinde nusgawy türkmen şahyry Zeliliniň kyn güne düşen dosty, serkerde şahyr Seýdä ýüzlenip ýazan «Hallaryň seniň» atly goşgusyna hem duş gelindi.
Awtor öz makalasynda arhiwde «Garabekewülde Ärlek diýen edenli ýigit bolupdyr. Ol talaňçylary yzyna kowýar. Seýdi ony taryplap «Ärlek» diýen şygryny ýazýar.» diýlen ýaly magumatlara hem gabat gelendiklerini belleýär. Gynansak-da,  şygyr doly saklanyp galmansoň, onuň diňe iki bendini ýazyp almak başardýar. Şeýle-de Hüýrpaşa enäniň hem-de onuň agtygy Annasapar Eminowyň maşgala ojagyndan Seýitnazar Seýdiniň «Ýar, seniň gurbanyň olsun», «Ýalan jahana», «Aman-nurbat, ýet dadyma, han meniň», «Ýat etdim» atly şygyrlarynyň golýazmalary-da tapyldy. Ýeri gelende aýtsak, bu şygyrlar ilkinji gezek edebiýatçy alym Rahmanberdi Godarow tarapyndan 2021-nji ýylda Balkan welaýatynyň ýaşaýjylaryndan ýazylyp alnypdyr. Filologiýa ylymlarynyň doktory Geldi Nazarow tarapyndan 1979-njy ýylda şahyryň «Dok çykdy», «Kemal bolar», «Gardaşym» ýaly şygyrlary, şeýle hem seýdişynas Jumagül Akyýewadan «Jykyr» goşgusy ýazylyp alnypdyr.


düýn 23:11
2.1k+

Bathyzdaky fotoduzak ýene-de bir ene alajabarsy surata düşürdi

Bathyz döwlet tebigy goraghanasynda oturdylan fotoduzak öňki Aziýa alajabarsynyň ikinji bir wekilini we onuň çagasyny surata düşürdi. Alnan maglumatlar Türkmenistanyň günortasynda bu iň seýrek duş gelýän ýyrtyjynyň durnukly köpelýän toparynyň kemala gelendigine şaýatlyk edýär...

düýn 17:47
2.6k+

17-18-nji ýanwarda Türkmenistanyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibi

Dynç alyş günlerinde Aşgabatda tomaşaçylaryň isleglerine laýyk dürli gyzykly çäreler bolar. 18-nji ýanwarda A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda norwegiýaly ýazyjy we dramaturg Genrik Ibseniň eseri esasynda goýlan «Gurjagyň öýi» sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi bolar...

düýn 12:02
2.1k+

Eýranyň ilçisi we medeniýet geňeşçisi Türkmenistanyň dil öwreniş institutyna we Döwlet kitaphanasyna baryp gördüler

Eýran Yslam Respublikasynyň (EYR) Türkmenistandaky ilçisi Aly Mojtaba Ruzbehani we EYR-nyň medeniýet geňeşçisi Abdolreza Abbasi Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda duşuşyklar geçirdiler...

düýn 11:53
1k+

Tahyr Ataýewiň orkestri Aşgabatda konsertde Paganininiň, Simmeriň we Marianelliniň eserlerini ýerine ýetirer

30-njy ýanwarda Aşgabadyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli sazlar orkestriniň konserti geçiriler. Köpçülige hödürlenjek "Saýlanan eserler" (Избранное) atly maksatnama orkestriň öňki çykyşlarynyň iň şowly we meşhur saz eserlerinden düzüldi...