Senagat metallarynyň bahasy ýokarlanýar: galaýy we mis taryhy rekordlaryny täzeledi

  • 16.01.2026 12:30
  • 4.8k+

Ýylyň başynda reňkli metallaryň bazarynda çalt ösüş hasaba alyndy. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, galaýy we misiň bahalary taryhy rekord derejelerine ýetdi.

Londonyň Metal Biržasynda (LME) galaýynyň bahasy 6% ýokarlanyp, bir tonnasy üçin 52 495 dollara ýetdi. Ýylyň başyndan bäri galaýy tas 30% gymmatlap, 2022-nji ýyldaky iň ýokary görkezijisinden hem geçdi.
Misiň bahasy bir tonna üçin 13 000 dollarlyk sepgitden ýokary galdy.
Şeýle hem nikel, sink we alýuminiň nyrhlarynda durnukly ösüş meýilleri synlanýar.
Maýadarlar aşakdaky faktorlar sebäpli senagat metallaryna bolan gyzyklanmasyny artdyrdylar:

  • ABŞ-nyň Federal Ätiýaçlyk ulgamynyň (FED) pul-karz syýasatyny ýumşatmagyna we dollaryň peselmegine bolan garaşmalar;
  • Emeli aň (AI) tehnologiýalarynyň çalt depginler bilen ösmegi (bu pudak uly mukdarda metal sarp edýär);
  • Gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagyndaky uly isleg.

Alty sany esasy metalyň umumy ýagdaýyny görkezýän LMEX indeksi soňky üç ýylyň içinde iň ýokary görkezijisine golaýlady.
LME-de galaýy bazary beýleki metallara görä iň az likwidli (puluň dolanyşygy pesräk) bolmagynda galýar, bu bolsa nyrhlaryň birden üýtgemegine sebäp bolýar. Bahalaryň gymmatlamagyna Hytaýyň Şanhaý fýuçers biržasyndaky güýçli isleg hem uly itergi berdi. Ol ýerde galaýynyň bahasy çarşenbe güni 9% töweregi ýokarlanyp, bir tonnasy 413 170 ýuana ($59 212) ýetdi we täze taryhy rekordy goýdy.


düýn 10:04
4.6k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 13:44
3.2k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

10.06.2026 17:29
11k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.3k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......