Günorta Koreýanyň wonasy soňky 17 ýylda iň pes derejä gaçdy

  • 15.01.2026 22:21
  • 3.3k+

Günorta Koreýanyň wonasy 2009-njy ýyldaky global maliýe çökgünliginden bäri iň pes derejä gaçdy. Milli walýutanyň gowşamagynyň dowam etmegi kapitalyň ýurtdan çykýan döwründe hümmeti durnuklaşdyrmagyň usullaryny gözleýän ýurt häkimiýetlerine basyşy güýçlendirýär diýip, Bloomberg agentligi habar berdi.

Çarşenbe güni wonanyň hümmeti 0,2% – bir dollar üçin 1479,15 wona çenli peseldi. Walýuta yzygider on gün bäri arzanlaýar we 2009-njy ýylyň martyndan bäri iň pes derejä ýetdi. Ýylyň başyndan bäri wona 2,6%-den gowragyny ýitirip, Aziýanyň walýutalarynyň arasynda iň ýaramaz netijäni görkezdi.
Pese gaçyşyň esasy sebäbi ýurduň içinde dollara islegiň ýokary bolmagydyr. Günorta Koreýadan bölek söwda maýadarlary amerikan kompaniýalarynyň paýnamalaryny işjeň satyn alýar, daşary ýurt gaznalary bolsa koreý paýnamalarynyň satuwyny çaltlaşdyrdy. ABŞ-nyň güýçli ykdysady görkezijileri, Ýakyn Gündogarda dartgynlylyk döwründe nebitiň bahasynyň ýokarlanmagy we ýapon ýenasynyň gowşamagy hem goşmaça basyş döredýär.
Maliýe ministri Ku Ýun Çhol hökümetiň hümmetiň birtaraplaýyn hereketini togtatmak üçin «gysga möhletli bazar çärelerine we kapitaly dolandyrmaga» ünsi gönükdirjekdigini aýtdy. Şeýle-de, ol wonanyň gowşamagynda raýatlaryň daşary ýurt aktiwlerine maýa goýumlarynyň möhüm rol oýnaýandygyny belledi.
Koreýanyň banky anna güni walýuta depozitleri bilen bagly ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak üçin täjirçilik banklarynyň wekilleri bilen gyssagly duşuşyk geçirer.
NH Investment & Securities-iň analitikleri hökümetiň walýuta bazaryna goşulmaga taýýarlygyny tassyklan ýagdaýynda hümmetiň bir dollar üçin 1480 wonadan ýokary saklanyp biljekdigini çaklaýar. Günorta Koreýanyň WGBI döwlet obligasiýalar indeksine goşulmagy we ýarymgeçirijiler pudagynda işjeňligiň ösmegi hem wona goldaw berip biler. 


18.04.2026 15:10
3.4k+

Hyundai dünýäde ilkinji bolup ammiak bilen işleýän gämini gurdy

Günorta Koreýanyň HD Hyundai Heavy Industries kompaniýasy doly ammiak ýangyjy bilen işleýän dünýädäki ilkinji gämini hödürledi. Bu taslama deňiz arkaly ýük daşamalarynda ekologiýa zyýan bermeýän täze döwrüň......

16.04.2026 14:51
1.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň täze ilçisini kabul etdi

15-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Wonjeni kabul etdi....

11.04.2026 23:44
3.2k+

Seulda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk meseleleri ylalaşyldy

Türkmen wekiliýeti Koreýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde 10-njy aprelde Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna......

10.04.2026 16:43
2.7k+

Türkmenistan we Koreýa Respublikasy raýatlaryň özara syýahatlaryny ýönekeýleşdirmek meselelerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Seul şäherinde migrasiýa we konsullyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk meselelerine bagyşlanan birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň......