Hyundai dünýäde ilkinji bolup ammiak bilen işleýän gämini gurdy

  • 18.04.2026 15:10
  • 3.5k+

Günorta Koreýanyň HD Hyundai Heavy Industries kompaniýasy doly ammiak ýangyjy bilen işleýän dünýädäki ilkinji gämini hödürledi. Bu taslama deňiz arkaly ýük daşamalarynda ekologiýa zyýan bermeýän täze döwrüň başlangyjy hasaplanýar.

Ammiagyň düzüminde uglerod ýokdur, şonuň üçin hem ol ýananda atmosfera kömürturşy gazyny bölüp çykarmaýar. Bu bolsa dünýädäki dekabronizasiýa (howany arassalamak) maksatnamalaryna doly laýyk gelýär. Ammiak eýýäm oba hojalygynda giňden ulanylýar, diýmek, ony daşamak we saklamak üçin zerur bolan düzüm wodoroda garanyňda has ýönekeý we elýeterlidir.

Gämi «iki ýangyçly» ulgam bilen enjamlaşdyrylan. Zerur bolan ýagdaýynda ammiakdan adaty ýangyja geçip bilýär, bu bolsa häzirki wagtda portlarda ammiak ýangyjynyň entek hemme ýerde ýokdugy sebäpli örän amatlydyr.

Ammiak zäherli we kyn ýanýan madda bolandygy üçin, inženerler ýöriteleşdirilen hereketlendirijileri we ýokary derejeli howpsuzlyk ulgamlaryny işläp düzdüler.

HD Hyundai-yň wekilleriniň belleýşi ýaly, bu diňe bir taslama däl, eýsem ammiagyň ekologiýa taýdan arassa we ulanmaga ýaramly ýangyçdygynyň subutnamasydyr. Bu ädim gelejekde halkara ekologiýa standartlarynyň has-da berkejek döwründe gämi gurluşygynda esasy ugur bolar.


18.06.2026 09:55
813

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

09.06.2026 12:22
2.7k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

27.05.2026 21:27
2.7k+

Günorta Koreýanyň paýnamalary 2026-njy ýylda 100% ýokarlandy we dotkom döwrüniň rekordlaryny täzeledi

Günorta Koreýanyň öňdebaryjy Kospi birža indeksi 2026-njy ýylyň başyndan bäri 100% ýokarlanyp, taryhda ilkinji gezek 8000 belgi çäginden geçdi....

27.05.2026 21:22
2.6k+

Samsung-yň paýnamalary, kärdeşler arkalaşygy aýlyk haklary baradaky ylalaşygy makullandan soň, gymmatlady

Samsung Electronics-iň kärdeşler arkalaşygynyň agzalarynyň köpüsi çarşenbe güni aýlyk haky hakyndaky deslapky ylalaşygy goldap ses berdiler, bu bolsa global çip üpjünçiligine we Günorta Koreýanyň......