Afrika milletleriniň kubogynyň finalynda Senegal bilen Marokko duşuşar

  • 15.01.2026 11:42
  • 4.2k+

Afrika milletleriniň kubogynyň finalçylary kesgitlendi. Titul ugrunda Senegalyň milli ýygyndysy bilen ýaryşyň ýer eýesi Marokko göreşer.

Tanžer şäherinde geçirilen birinji ýarym final oýnunda senegallylar az hasap bilen (1:0) ýaryşyň esasy toparlarynyň birini – Müsüriň milli ýygyndysyny utdy. Ýatlap geçsek, bu ýerde «Liwerpulyň» hüjümçisi Mohamed Salah we «Mançester Sitiniň» hüjümçisi Omar Marmuş çykyş edýär.
Oýun Tanžerdäki «Stad Ibn-Batuta» stadionynda geçirildi.
Senegallylar Sadio Maneniň goly bilen ýeňiş gazandy. Salahyň öňki klubdaşy, häzir saud «Al-Nasrynda» oýnaýan futbolçy duşuşygyň 78-nji minutynda gol geçirdi.
Rabatdaky «Şazada Mulla Abdulla» stadionynda geçirilen duşuşykda Marokko bilen Nigeriýanyň milli ýygyndylary janköýerleri gol bilen begendirip bilmedi. Oýnuň esasy we goşmaça wagty hasap açylmazdan tamamlandy. Marokkonyň futbolçylary oýundan soňky penalti tapgyrynda has takyk boldy – 4:2.
Indi Müsür bilen Nigeriýa 17-nji ýanwarda bürünç medal üçin oýunda duşuşar (başlanýan wagty Aşgabat boýunça 21:00).
Ýaryşyň finaly 19-njy ýanwara geçilýän gije (başlanýan wagty 00:00) geçiriler. Oýny 69500 tomaşaçyny sygdyrýan «Şazada Mulla Abdulla» meýdançasy kabul eder.
Afrika milletleriniň kubogynyň häzirki ýeňijisi Kot-d’Iwuaryň milli ýygyndysydyr. Ol 2023-nji ýylyň ýaryşynyň finalynda Nigeriýany 2:1 hasabynda utdy. Häzirki ýaryşda Kot-d’Iwuar dörtden bir finalda müsürlilerden 3:2 hasabynda utulyp, ýaryşdan çykdy.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......