14-nji ýanwarda Türkmenistanyň Hazar deňzindäki kenar gulluklary betbagtçylyga uçran Rona atly eýran ýük gämisindäki 14 adamyň ählisini halas etdiler.
Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, betbagtçylyga uçran gämi SOS signalyny beripdir.
Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini aradan aýyrmak bilen bagly döwlet edaralary tarapyndan deňiz gatnawynyň düzgünlerini kadalaşdyrýan halkara kadalara laýyklykda gämidäki adamlary halas etmek boýunça ähli zerur çäreler görüldi.
Wagtynda geçirilen işleriň netijesinde gämide bolan 14 adamyň ählisi halas edildi. Deslapky maglumatlara laýyklykda, olar Eýranyň we Hindistanyň raýatlarydyr.
"Häzirki wagtda türkmen tarapy halkara kadalarda göz öňünde tutulan degişli çäreleri geçirýär" diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.