Coca-Cola özüniň dekoratiw kosmetika hataryny çykardy

  • 14.01.2026 11:12
  • 4.1k+

Coca-Cola kompaniýasy Braziliýanyň Bruna Tavares brendi bilen bilelikde dekoratiw kosmetika hataryny çykardy diýip, Sostav neşiri habar berdi.

Kolleksiýa 15 önümi öz içine alýar: göz üçin reňk palitrasy, dodak üçin ýylpyldylar we balzamlar, tuş, ýaňak üçin stik görnüşli gyzardyjy, şeýle-de kosmetiki aksessuarlar.
Ähli önümler gazly içgileri öndürýän brendiň stilinde ýerine ýetirildi. Mysal üçin, göz palitrasy gapagy logotipli gyzyl guta gaplandy, balzam öwüşginleriniň biri hem bu reňki gaýtalaýar, stik bolsa kola bankasyna meňzeýär. Tuşuň reňki hem gazlandyrylan içgiden ugur alýar.
Hatary döredijiler makiýaža yssy günde sowuk suwy owurtlan ýaly lezzet we güýç almagyň kiçijik pursaty hökmünde seretmegi teklip edýär.
Coca-Cola öň hem kosmetika bilen tejribe geçiripdi. 2021-nji ýylda kompaniýa Morphe brendi bilen bilelikde ülje tagamly koladan ylham alan kolleksiýany çykardy. Şol wagt hatara reňk palitrasy, ýylpyldylar, gyzardyjy we makiýaž üçin sponž girdi.

11.06.2026 13:03
6.9k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.7k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....