Britaniýaly aktýor Joş O'Konnor "Dior-yň" täze ýüzi boldy

  • 13.01.2026 16:23
  • 3.4k+

"Dior" meşhur fransuz moda öýi britaniýaly aktýor Joş O'Konnory özüniň täze ambassadory wezipesine belledi. Ol indi futbolçy Kilian Mbappe bilen birlikde Dior-yň beýleki ambassadorlarynyň hatarynda çykyş eder.

Aktýoryň bu wezipä bellenmegine Dior-yň döredijilik direktory Jonatan Anderson sebäp boldy. O'Konnor 2017-nji ýyldan bäri Anderson bilen hyzmatdaşlyk edýär. Ondan öň bolsa ol Loewe-niň ýüzi hökmünde tanalýardy. Öz wagtynda ol J.W. Anderson görkezişlerine gatnaşypdy. 2025-nji ýylyň iýun aýynda Anderson Dior-yň baş döredijilik direktory wezipesini eýeläpdi.
Moda öýüniň beýanatyna görä, Dior Joş O'Konnory Jonatan Andersonyň kolleksiýalarynyň täze  ýüzi hökmünde görmäge şat.
Aktýor «Täç» ("
Корона")
 teleserialynda şazada Çarlzyň keşbini janlandyryp, iň gowy aktýor hökmünde  "Altyn globus" baýragyna mynasyp boldy. Onuň filmografiýasyna şeýle hem Fransis Liniň «Hudaýyň ýeri» we Luka Guadagninonyň «Dalaşgärler» filmleri girýär. Aktýoryň bu keşpleri janlandyranda Anderson tarapyndan döredilen eşikleri geýendigini-de bellemek gerek.
Geçen ýyl bolsa O'Konnor «Hanjary getiriň: Merhumyň direlişi» atly detektiw filmde baş keşbi janlandyrdy.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....