Akylly pyçaklar we «janly» suratlar: CES 2026-da tehnologiýa innowasiýalary

  • 14.01.2026 10:51
  • 2.9k+

Geçen hepde Las-Wegasda CES 2026 halkara sarp ediş elektronika sergisi tamamlandy. Şu ýyl çäre 150 müň töweregi myhmany we öz soňky önümlerini hödürlän dört müňden gowrak tehnologiýa kompaniýasynyň wekillerini özüne çekdi. Bu abraýly sergide görkezilen iň garaşylmadyk, üýtgeşik we hatda geň gajetler barada gürrüň berýäris.

Çarçuwaly «janly» suratlar
Garri Potter filmlerindäki janly suratlar indi o diýen fantastika hem däl. Vinabot foto-çarçuwalary suratlary ýükläp, olara gysgaça ssenarileri bermäge mümkinçilik berýär, soňra emeli aň olaryň esasynda wideo döredýär.
Islendik suraty – öz suratlaryňy, meşhur şahsyýetleriň suratlaryny we hatda toslanan gahrymanlaryň suratlaryny «janlandyryp», üstesine-de, olar bilen gürleşip bolýar. Işläp düzüjiler EA-nyň hatda söhbetdeşiň keýpine düşünip bilýändigini nygtaýar.
Foto-çarçuwalar iki görnüşde hödürlendi: 10,1 we 21,5 dýuým diagonally. Olaryň bahasy 299 dollardan başlaýar.

Saç deňlemek üçin akylly enjam
Hytaýyň Kuaiku Innovation öndürijisi Glyde akylly enjamyny hödürledi. Ol saç deňlemek üçin niýetlenýär. Enjam ykjam goşundy bilen bilelikde işleýär. Onuň üsti bilen ulanyjy isleýän saç stilini saýlaýar. Ulgam enjamyň egme derejesini we hereketiň tizligini seljerip, hakyky wagtda päkiniň ýagdaýyny sazlaýar. Has ýokary takyklyk üçin saça timar bermezden öň goşmaça enjam dakylýar.

Wibrasiýa berýän ultrasesli pyçak
Seattle Ultrasonics dünýäde ilkinji ultrasesli C-200 aşpez pyçagyny görkezdi. Ol akkumulýator we sapynda düwme bilen üpjün edildi. Düwmä basylan ýagdaýynda pyçak sekuntda 30 müň gezek tizlik bilen wibrasiýa berip başlaýar. Işläp düzüjileriň maglumatlaryna görä, tehnologiýa önümleri kesmekde sarp edilýän fiziki güýji 50% azaltmaga mümkinçilik berýär. Wibrasiýa režiminde gök önümleri kesmek indi has aňsat diýip, ZDNET neşiri belleýär. 
Şeýle-de, C-200-i adaty pyçak hökmünde ulanyp bolýar. Onuň bahasy 399 dollar bolup, üpjünçilik 2026-njy ýylyň martyna meýilleşdirilýär.

Golografik EA kömekçisi
Razer amerikan brendi Project AVA taslamasyny tanyşdyrdy. Enjam 14 santimetr beýiklikdäki üç ölçegli gologrammaly dury kolba görnüşindedir. Kömekçi, mysal üçin, wideooýun oýnalýan wagty maslahat berip ýa-da kätip wezipesini ýerine ýetirip (tertipnama düzüp, soraglara jogap berip, maglumaty seljerip ýa-da umumylaşdyryp) bilýär.

Aýdym-sazly taýakly süýji
Sergide iň geň eksponatlaryň biri Lollipop Star süýjüleri boldy – olary agzyňa salan wagtyň aýdym ýaňlanýar.
Işläp düzmek üçin esas bolup süňk arkaly geçirijilik tehnologiýasy hyzmat etdi: adam süýjini dişlän wagty ýörite taýajyk süýjiniň üsti bilen sesi gönüden-göni içerki gulaga geçirýär.
Sergide aýdym-sazly süýjüleriň üç dürli tagamy hödürlendi. Olaryň her biri bellibir aýdymçynyň aýdymlaryny eşitdirýär: çernikaly – Akon, şetdaly tagamly – Ice Spice we laým – Armani White. Her bir taýajykly süýjiniň bahasy, takmynan, dokuz dollar. 


düýn 17:00
1.9k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.7k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
1.9k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......

05.06.2026 23:49
2.8k+

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan smartfonyň üstünde işleýär

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan howpsuz smartfony işläp düzýär. Kompaniýanyň baş direktory Ýewgeniý Kasperskiý täze enjam barada Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda yglan etdi....