Toyota Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini hödürledi

  • 13.01.2026 11:01
  • 6.1k+

Toyota Ýewropada düýbünden täze Hilux pikapyny tanyşdyrdy. Dokuzynjy nesil modeli dizel hereketlendirijisi we «ýumşak» gibrid bilen, şeýle-de doly Hilux BEV elektrik wersiýasynda hödürlenýär. Geljekde hatarda wodorod ýangyç elementleri bilen işleýän wersiýa hem peýda bolar, ol häzir ýol synaglaryndan geçýär.

Ýewropa premýerasy model Aziýada görkezilenden birnäçe aýdan soň Brýussel awtosalonynda geçirildi.
Pikapyň dizel wersiýasy 48 woltlyk gibrid ulgamy bilen işleýän 201 at güýjündäki 2,8 litrlik hereketlendiriji bilen üpjün edildi. Şeýle Hilux-yň ýük göterijiligi 1000 kg ýetýär.
Elektrik Hilux BEV 59,2 kWt/sag sygymly akkumulýatora we iki elektrik hereketlendirijisine eýe boldy. WLTP sikli boýunça ulagyň geçýän menzili 258 km, şäherde 380 km barabar. Elektrik wersiýasynyň ýük göterijiligi 715 kg çenli azaldyldy, iň ýokary çekiş kuwwaty bolsa 1600 kg çenli bolup, bu dizel görnüşiniň görkezijisinden tas iki esse azdyr.
Elektrik energiýasyna geçendigine garamazdan, Hilux BEV modeliň rama gurluşy, ýerden 212 mm beýiklik we ýolsuz ýerden sürmek üçin ýörite režim ýaly aýratynlyklaryny saklap galdy. Pikapyň geçip bilýän ýalpaklygynyň çuňlugy 700 mm ýetýär.
Täzelenen Toyota Hilux-yň Beýik Britaniýada satuwy iýunda başlar. Bahalar gijräk yglan ediler. Kompaniýa olaryň öňki nesillerden ýokary boljakdygyny belleýär. 


21.06.2026 21:15
4.1k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....