«Real» "Barselonadan" utulan gününiň ertesi Alonsony işden çykardy. Topara Arbeloa tälimçi bellendi

  • 13.01.2026 09:36
  • 12k+

Alwaro Arbeloa Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellendi. 42 ýaşly hünärmen 12-nji ýanwarda klubdan giden Habi Alonsonyň ornuny çalyşdy.

Ozal Arbeloa «Realyň» ýaşlar toparlary bilen işledi. Maýda bolsa «Kastilýanyň» tälimçisi boldy.
Madrid kluby Habi Alonso bilen şertnamanyň taraplaryň ylalaşygy bilen ýatyrylandygyny yglan etdi. Bir gün öň «Real» Ispaniýanyň Superkubogynyň finalynda «Barselonadan» 2:3 hasabynda utuldy.

«Habi Alonso hemişe «Madridiň» janköýerlerinde söýgi we buýsanç döreder, sebäbi ol «Realyň» legendasy bolup, klubumyzyň gymmatlyklaryny görkezdi. «Real Madrid» hemişe onuň öýi bolar. Klub Habi Alonso we onuň tälimçiler ştabyna häzire çenli btiren işleri we işe wepalylygy üçin minnetdarlyk bildirýär we olara durmuşyň täze tapgyrynda üstünlik arzuw edýär» — diýlip, klubuň habarynda aýdylýar.

Marca neşiriniň maglumatlaryna görä, «Realyň» käbir oýunçylary tälimçiniň gidýändigi barada diňe klubuň resmi habaryndan bildi. Topar möwsümiň häzirki tapgyrynda şeýle çözgüdiň bolmagyna garaşmandy. Futbolçylar Alonsonyň, aýratyn-da, finaldaky täsirlerden soň öz ornuny saklap galjakdygyna ynanýardy.
La Liganyň ýaryş jedwelinde «Real» 19 tapgyrdan soň 45 utuk bilen ikinji orny eýeleýär.


düýn 19:10
3.3k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.5k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....