Toyota Tacoma ABŞ-da taryhy satuw rekordyny goýdy

  • 12.01.2026 17:44
  • 5.7k+

Toyota Tacoma pikapy ABŞ-da 2025-nji ýyly rekord satuw bilen tamamlady – model amerikan bazarynda 30 ýyldan gowrak wagt bolmak bilen, häzire çenli iň gowy netijäni görkezdi. Bir ýylda Toyota 274 638 sany Tacoma awtomobilini satdy, bu bolsa 2024-nji ýylda satylan pikaplardan 42,4% köpdür.

Diňe dekabryň özünde 25 müňden gowrak awtoulag satyldy, bu hem 2024-nji ýylyň degişli aýyndaky görkezijiden 3 müň birlik köpdür. Täze rekord 2021-nji ýylda goýlan iň ýokary görkezijiden geçdi. Şol wagt 252 490 pikap satylypdy.
Tacoma öz segmentinde öňdebaryjylygy ynamly saklaýar: Chevrolet Colorado, takmynan, 108 müň nusga bilen satyldy, Nissan Frontier-iň satuwy 65 müň, GMC Canyon bolsa, takmynan, 37 müň birlige ýetdi. Ford Ranger-iň satuwy entek belli däl, ýöne onuň hem Tacoma-nyň yzyndan ýetjegi gümanadyr. 


21.06.2026 21:15
4.1k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......