Ýylyň birinji El-Klasikosy: «Real» «Atletikony» utup, Ispaniýanyň Superkubogynyň finalyna çykdy

  • 09.01.2026 10:19
  • 8.8k+

Madridiň «Realy» 2026-njy ýylyň Ispaniýanyň Superkubogy ýaryşynyň ikinji finalçysy boldy. Geçen gije Jidda saud şäherinde geçirilen ýarym final oýnunda «Real» Madrid derbisinde «Atletikony» 2:1 hasabynda utdy. 

Hasap eýýäm 2-nji minutda Federiko Walwerdeniň jerime meýdançasyndan takyk urgusy bilen açyldy. Bu gol hem Habi Alonsonyň toparyna hasapda öňdeligi eýeläp, arakesmä çykmaga mümkinçilik berdi.
Ikinji ýarymyň başynda iki topar hem öz hasabyna gol ýazdy. 55-nji minutda Walwerdeniň pasyndan Rodrigo «Realyň» artykmaçlygyny artdyrdy. Üç minutdan soň «Atletiko» hasapda tapawudy azaltdy: Aleksander Serlot gol geçirdi.
Şondan soň ahyrky jürlewük sesine çenli hasap üýtgemedi.
Ispaniýanyň Superkubogynyň finalynda «Real» «Barselona» bilen oýnar. Katalon kluby bir gün öň birinji ýarym finalda Bilbaodan «Atletigi» 5:0 hasabynda utupdy.
Superkubogyň finaly 11-nji ýanwardan 12-nji ýanwara geçilýän gije bolar we oýun Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlar.
Geçen ýyl Ispaniýanyň Superkubogynyň eýesi finalda «Realy» 5:2 hasabynda utan «Barselona» bolupdy. Topar bu ýaryşda gazanan titullary boýunça rekord eýesi bolmagynda galýar, onuň hasabynda 15 kubok, «Realyň» hasabynda 13 kubok bar.  


düýn 19:10
3.3k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.5k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....