«Barselona» «Atletigi» utup, Ispaniýanyň Superkubogynyň finalyna çykdy

  • 08.01.2026 13:26
  • 6.1k+

Kataloniýanyň «Barselonasy» Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde geçirilen Ispaniýanyň Superkubogynyň ýarym finalynda Bilbaodan «Atletik» bilen duşuşdy. Duşuşyk «Barsanyň» peýdasyna 5:0 hasabynda tamamlandy.

«Barselona» eýýäm birinji ýarymda 4 gol geçirip, oýnuň netijesini kesgitledi.
Gollar 22-nji minutda Ferran Torresiň girizmegi bilen başlady. Şondan soň Fermin Lopes (30-njy minut), ýaş zehin Runi Bardagji (34) we Rafinýa (38) gol geçirdi. Ikinji ýarymyň başynda, 52-nji minutda bolsa Rafinýa ikinji goluny girizip, gutarnykly hasaby kesgitledi – 5:0.
Bu ýeňiş kubogyň häzirki eýelerine 12-nji ýanwara geçilýän gije boljak finala çykmaga mümkinçilik berdi. «Barselonanyň» garşydaşy «Real» bilen «Atletikonyň» arasyndaky Madrid derbisiniň ýeňijisi bolar. Bu oýun şu gije Aşgabat wagty bilen ýarygije başlar.
Belläp geçsek, «Barsa» 15 titul bilen ýaryşyň rekord eýesidir. 


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......