Ispan futbol konfederasiýasy Ispaniýanyň Superkubogyna gatnaşýanlar üçin pul baýragyny ýokarlandyrdy

  • 07.01.2026 23:18
  • 6.4k+

Şu ýyl Ispaniýanyň Superkubogyna gatnaşylandygy üçin berilýän pul baýraklary ýokary bolar. Patyşalyk ispan futbol konfederasiýasy (RFEF) ýaryşyň abraýyny ýokarlandyrmak we toparlary höweslendirmek üçin gaznany artdyrmak kararyna geldi.

2025-nji ýylda pul baýraklary üçin tas 19,65 mln ýewro bölünip berildi. «Barselona» we «Real» 6 mln ýewro, «Atletik» 2 mln ýewro, «Malýorka» bolsa 850 müň ýewro aldy. Mundan başga-da, ýarym finalçylar 1 mln ýewro, ýeňiji  bolsa — «Barselona» — ýene 2 mln ýewro aldy.
Şu ýyl umumy gazna, takmynan, 23 mln ýewro bolar. Her topar titullaryna, klubuň taryhyna we teleauditoriýanyň meşhurlygyna görä öz paýyny alar.
RFEF-iň Superkubogy geçirmekden gazanýan girdejisiniň 51,9 mln ýewro derejesinde bolmagyna garaşylýar. Bu mukdardan, takmynan, 28 mln ýewro professional däl futboly ösdürmäge gönükdiriler.
Ýarym finallarda şu gije «Barselona» Bilbaodan «Atletik» bilen oýnar, ertir bolsa «Real» bilen «Atletiko» Madrid derbisinde duşuşar (iki oýun hem Aşgabat wagty bilen dogry ýarygije başlar). Final 11-nji ýanwarda bu duşuşyklaryň ýeňijileriniň arasynda bolar.


düýn 19:10
3.3k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.5k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....