«Queen» topary ozal çap edilmedik Roždestwo aýdymyny çykarmaga taýýarlanýar

  • 30.12.2025 23:46
  • 2.5k+

«Queen» topary ozal köpçülige ýetirilmedik «Not for Sale» («Polar Bear») atly Roždestwo aýdymyny çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada toparyň gitaraçysy Braýan Meý «Planet Rock» radio gepleşiginde habar berdi diýip, «Rolling Stone» žurnaly ýazýar.

Bu aýdym 1960-njy ýyllaryň ahyrynda, topar entek «Smile» ady bilen çykyş edýärkä we onuň wokalçysy Tim Staffel wagtynda ýazylypdyr. Siz bu aýdymyň «Smile» toparynyň ýerine ýetirmegindäki pirat wersiýasyny eşidensiňiz, ol eýýäm köp wagtdan bäri bar» — diýip, Meý belledi.

Häzirki wagtda aýdymyň üstünde soňky işler alnyp barylýar. «Not for Sale» («Polar Bear») aýdymynyň gutarnykly görnüşi 2026-njy ýylda «Queen II» albomynyň täze neşirinde (re-issue) ýerleşdiriler. Onuň takyk çykjak güni heniz mälim edilmedi.
Mundan ozal «The Times» gazeti «Queen» toparyny Beýik Britaniýanyň iň uly salgyt töleýjileriniň sanawyna girizipdi. Gazetiň maglumatlaryna görä, «Queen Productions» kompaniýasy 2024-nji ýylda 39,5 million funt sterling girdeji gazanyp, döwlet hazynasyna 11,8 million funt sterling salgyt töläpdir.

düýn 22:32
1.2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.3k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.8k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
794

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......